Biharda köpri ikinji gezek ýykyldy

Biharda köpri ikinji gezek ýykyldy

Hindistanyň Bihar ştatynda Gang derýasynyň üstünde gurlan Aguwani-Sultanganj atly dört gatnawly ulag köprüsi ikinji gezek ýykyldy. Özem bu iki ýylyň dowamynda ikinji gezekdir diýip, Times of India gazetine salgylanýan MIR 24 ýazýar.

2022-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda bu köprüniň bir bölegini gaý äkidipdi. Ony täzeden dikeltdiler, emma ýaramaz hilli bejerilensoň, köpri ýene ýykyldy.

Köprüniň gurluşygyna 208 million amerikan dollary sarp edildi. Heläkçilikde ejir çekenler ýok diýlip, habar berilýär. Uzynlygy 3,1 kilometr bolan köprüniň gurluşygyna 2014-nji ýylda başlandy, ol 2019-njy ýylda gurlup tamamlanmalydy, emma onuň möhletini dört gezek yza süýşürdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkiýede ýolagçy awtobusy jara, Pakistanda jülgä gaçdy
Gresiýada Ýangyn Söndüriş Uçary Heläkçilige Uçrady
Sudanda Ýük Uçary Heläkçilige Uçrady
Marynyň towuk fermalarynda guşlar näbelli keselden köpçülikleýin gyrylýar
Daşoguz-Lebap ýolunda bolan ulag hadysasynda bäş adam, şol sanda dokuz aýlyk göwreli gelin heläk boldy
ABŞ-da Kiçi Uçar Heläkçilige Uçrady