Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi.Oňa ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa Respublikasynyň Ykdysadyýet, energetika we syýahatçylyk boýunça federal ministrliginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginiň başlygy Elizabet Waýssenbögiň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýetiň agzalary gatnaşdylar.

Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, geçen mejlislerde öňe sürlen teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek, sazlaşykly ösýän hyzmatdaşlygyň geljekki täze ugurlaryny kesgitlemek meseleleri girizildi.

Ýene degişli makalalar

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
Türkmenistan bilen Awstriýa bilelikdäki kärhanalary döretmäge gyzyklanma bildirýär
Türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň Buker baýragynyň dalaşgärleri yglan edildi
ABŞ-nyň Ilçisi Mettýu Klimow öz işini tamamlady
ABŞ-nyň Ilçisi: ABŞ Türkmenistanyň oňyn bitaraplygyna ýokary baha berýär