Bilim ösüşleriň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüp gelýän nesiller hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.Bu ugur, ilkinji nobatda, ýaşlaryň jemgyýetiň we döwletiň ykdysady, syýasy hem medeni durmuşyna ynamly gatnaşmagy, hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilýär. Şu ýerde Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigini hem bellemek gerek.

Ýurdumyzyň eşretli geljegini nazarlaýan oňyn başlangyçlaryň milli bilim ulgamyna gönükdirilmegi ýaş nesliň bilimli, sagdyn aň-düşünjeli, akylly-paýhasly kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ylym-bilimi ösdürmekde, ýaşlara döwrebap bilim bermekde ähli mümkinçilikler döredildi.

Arkadagly Serdarymyz: Ylym we bilim biziň üstünliklerimiziň hem-de öňe gitmegimiziň binýatlyk esasy bolup durýar diýip bellemek bilen, güneşli Diýarymyzyň ylym-bilim edaralarynyň işiniň düýpli kämilleşdirilmegine, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna aýratyn üns berýär. Şoňa görä-de, mugallymlaryň işiniň döwrebap guralmagyna we olaryň hünär kämilligine bolan talaplar barha artýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 20222052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda, beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen bir hatarda, täze bilim edaralary gurulýar.

Türkmenistanda 12 ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, okatmagyň usullary kämilleşdirilýär. Bäsdeşlige ukyply bilim ulgamyny kemala getirmek üçin tapgyrlaýyn sanly ulgama geçirilýär.

Ýaşlaryň daşary ýurt dillerini kämil derejede bilmekleri üçin yzygiderli tagallalar edilýär. Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilimiň ähli derejelerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň daşary ýurt dillerini bilşiniň ýokary derejesini gazanmak, okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen bagly işler durmuşa geçirilýär.

Ýaşlaryň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak, saglygyny berkitmek ugrunda-da maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.Bu ugurda bilim edaralarynda arassa howada, tebigatda gezelençler guralýar, irki maşklar ýerine ýetirilýär, sagdynlyga, bedenterbiýä bagyşlanan synp sagatlarynda öwüt-ündew, wagyz-nesihat, terbiýeçilik işleri geçirilýär. Şonuň ýaly-da, okuwçylaryňdyr talyplaryň okuwdan boş wagtlarynda medeniýetli dynç almagy, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi, Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýörişlere gatnaşmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak ugrunda alnyp barylýan işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty dolandyryş merkezi Fransiýanyň Pariž şäherinde ýerleşýän Uniwersitetleriň halkara birleşiginiň, Telekommunikasiýalar we informatika instituty hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Tehniki uniwersitetleriň assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi.

Bilim ulgamynyň kanunçylyk esaslary bolsa dünýäniň ösen tejribeleri bilen utgaşdyrylyp düýpli kämilleşdirilýär.Türkmenistanyň Bilim hakyndaky Kanuny bilim babatda gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär we döwlet syýasatynyň ýörelgelerini, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýerine ýetirýän işlerini we onuň işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny halkara ölçeglerine laýyklykda kesgitleýär.

Munuň özi ýurdumyzyň bilim pudagynda zähmet çekýän professor mugallymlara, hünärmenlere döredijilikli we has netijeli işlemäge, talyp ýaşlarymyza bolsa ruhy hem beden taýdan sagdyn ösmäge, halkara ölçeglerine laýyk derejede bilimleri alyp, durmuşa taýýar bolmaga, ýurdumyza, halkymyza gerekli hünärmenler bolup ýetişmäge şertleri, esaslary döredýär.

Bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan iňňän öňdengörüjilikli ynsanperwer täze syýasy we ykdysady ugrunyň ýaşlara oňat bilim bermäge, diýmek, has mynasyp geljegi üpjün etmäge gönükdirilendigini aýdyň subut edýär.

Talyp ýaşlar döredilen mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, ata-babalarymyzyň däplerini dowam edip, häzirki bazar ykdysadyýeti şertlerde işlemäge taýýar bolarlar hem-de bütin dünýäde uly abraýa eýe bolan parahat we gülläp ösýän ýurdumyzyň hakyky watançylaryna, täze ösüş ugrunyň hereketlendiriji güýjüne öwrülerler.

Maral ANNAŞOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen işewür we ýolbaşçy zenanlary Her gün üçin HR gurallar ussatlyk sapagyna çagyrylýar
Braziliýa Final Bäsleşigine Gatnaşmaga Hukuk Gazandy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Baýramçylyk çapyşygynyň Baş baýragynyň ýeňijisi haýsy at bolar?
ВЫСТУПЛЕНИЕ ПРЕЗИДЕНТА ТУРКМЕНИСТАНА СЕРДАРА БЕРДЫМУХАМЕДОВА НА ДОВЛЕТ МАСЛАХАТЫ
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Döwlet Maslahatyndaky ÇYKYŞY