Bilimli ýaşlar ýurdumyzyň geljegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýlip yglan edilen ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli özgertmeleri milli ykdysadyýetimiziň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, bilim pudagyny hem halkara ölçeglerine laýyk getirmäge ähli esaslary döredýär. Ýurduň we milletiň geljegi bolan ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary bilen ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, ata Watana, halka wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin ýola goýlan işler mynasyp dowam etdirilýär.

Eziz Watanymyzyň giň gerimde amala aşyrylýan durmuş maksatly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri-de, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, giň dünýägaraýyşly, çuňňur bilimli, watansöýüji nesli terbiýeläp ýetişdirmek hasaplanylýar.

Ýurdumyzda ýaşlar barada alnyp barylýan beýik işler ýaş nesillerimizi has-da belent sepgitlere ruhlandyryp, olarda Watanymyzyň öňünde uly jogapkärçilik duýgusyny döredýär. Şu maksat bilen, bilim ulgamynda okuw meýilnamalary we okuw maksatnamalary döwrebaplaşdyrylýar.

Bilim ulgamynyň maksady ösüp gelýän nesli milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek, ýaşlary ylmy işlere işjeň çekmek bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda häzirki wagtda ähli ugurlar bilen bir hatarda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek üçin birnäçe hukuk namalary kabul edildi.

Türkmen ýaşlary hem muňa jogap edip, halkara derejesinde ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýärler.Golaýda Polşa Respublikasyndan hoş habar geldi.Bu ýurduň Katowise şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematika dersi boýunça geçirilen halkara toparlaýyn bäsleşikde türkmen talyplary üstünlikli çykyş edip, jemi 25 medal 8 altyn, 11 kümüş, 6 bürünç medallary gazandylar.

Halkara ýaryşlaryň iňlis dilinde geçirilip, türkmen talyplarynyň ýokary netijeleri görkezmegi, ýurdumyzda bilim ulgamynyň döwrebap hem-de halkara derejesinde ösdürilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Häzirki zaman şertlerinde jemgyýetiň aň-paýhas kuwwatyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaş hünärmenleriň dürli ugurlarda zähmet çekmekleri baradaky işler kämilleşdirilýär. Ýakynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ekologiýa dersi boýunça, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa dersi boýunça, Türkmen oba hojalyk institutynda inžener we kompýuter grafikasy boýunça, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda rus dili dersinden boýunça, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda fizika dersi boýunça açyk halkara internet olimpiadalary geçiriler.

Bilim ulgamyny kämilleşdirmekde ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde döwrebap işler durmuşa geçirilýär.Esasan hem, bilim babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär. Şu babatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilendigini bellemek gerek. Şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ösdürilýär. Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 6-synyň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilmegi hem-de olara şahadatnamalaryň gowşurylmagy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň buýsançly wakalarynyň biri boldy. Şeýle taryhy wakalar ýaş nesiller hakyndaky aladanyň güwäsi bolup, bilim ulgamynyň döwrebap ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär.

Aýbölek OTUZOWA,

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň iňlis dili mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
HJ: Beki Seýtäkow ýagşylykda ýatlanýar
Türkmenistanyň prezidenti wezipesine dokuz dalaşgäriň ählisiniň atlary belli boldy
Prezident saýlawlaryna täze üç dalaşgär hödürlenildi
Taryha şaýatlyk edýän ömür
Ýagşylykda, adamlary birleşdirmekde ýatlanýan ýazyjy