Billstrýom PKK/ÝPG terrorçylarynyň Stokgolmda Geçiren Aksiýasyny Reaksiýa Bildirdi

Billstrýom PKK/ÝPG terrorçylarynyň Stokgolmda Geçiren Aksiýasyny Reaksiýa Bildirdi

Billstrýom Twitter hasabyndan beren habarnamasynda; “Halk tarapyndan saýlanan döwlet ýolbaşçysyny şäher häkimliginiň binasynyň öňünde asýan ýaly suratlandyrmak ýigrençlikdir” diýdi.

Şwesiýanyň Daşary işler ministri Şwesiýanyň hökümetiniň syýasy meselelerde açyk diskussiýalary goldaýandygyny, emma syýasy wekillere garşy gödek diskurslardan çetde durýandygyny nygtady.

Paýtagt Stokgolmda şäher häkimliginiň taryhy binasynyň öňünde jemlenen terror guramasy PKK/PÝD-niň ýaranlary, Prezident R.T.Erdogana meňzedilmäge çalşylan gurjagy binanyň öňündäki diňe asyp, onuň suratyny sosial mediada ýaýradypdy.

Terror guramasy PKK/ÝPG bilen arabaglanşykly sosial media hasaplarynda paýlaşylýan wideoda türk subtitr bilen Türkiýä we Prezident Erdogana garşy hemle atylýandygy görülýär.

Ýene degişli makalalar

Pakistan Türkiýe bilen howpsuzlyk boýunça edýän hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak isleýär
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezidentiň Kubogyna Anafoly Efes Eýe Boldy
Türk metbugatnyň gysgaça mazmuny
Halkara Jemgyýetçiligi Ysraýyla Reaksiýa Bildirmeli