Biometriki pasport üçin nobatlar indiki ýyla çenli uzady

Biometriki pasport üçin nobatlar indiki ýyla çenli uzady

Türkmenistanyň gündogar sebiti Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary mundan beýläk daşary ýurt pasportyny diňe indiki ýyl alyp bilerler. Sebitiň migrasiýa gulluklarynda şu günler raýatlara täze ýyldan soň ýüz tutmak maslahat berilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda daşary ýurt pasportlarynyň berilmegi bilen baglanyşykly aladalar hasam güýçlenipdir. Ýerli migrasiýa gullugynda pasport almak isleýänleriň uly nobatlary saklanýarka, täze ýüz tutýanlara bäş aýdan soň ýüzlenmäge synanyşmak maslahat berilýär.

"Indi nobata durmak üçin talon bermeýärler. Migrasiýa gullugyna ýüz tutanlara täze ýylda gelmelidigi aýdylýar. Işgärler Täze ýyldan soň ýazgyly däl-de, göni nobatyň boljakdygyny aýdýarlar" - diýip, Azatlygyň Türkmenabatdaky habarçylarynyň biri aýdýar.

Şol bir wagtyň özünde-de ýerli migrasiýa gulluklarynda para bilen pasport taýýarlamak mümkinçiligi saklanýar.

"Käbirleri nobata ýazylmak umydy bilen migrasiýa gullugyna yzygiderli gatnaýarlar. Beýlekiler bir gezek ýüz tutanda dokumentlerini dessine tabşyrýarlar we täze pasport alýarlar. Paranyň möçberi 500 dollar bilen 750 dollar aralygynda galdy. 500 dollara 40 günüň içinde pasport taýýarlanýar, 750 dollara 20 günüň içinde berilýär" - diýip, ýerli çeşmeleriň biri anonim gürrüň berdi.

Mundan ozal, Türkmenabatda daşary ýurt pasportyny almak üçin migrasiýa gullugynda iýun aýynda ýüz tutan raýatlar dekabr aýyna nobata ýazylypdy.

Daşary ýurt biometrik pasportlaryny almak üçin nobatlar Türkmenistanyň ähli sebitlerinde saklanýar. Iýul aýynyň aýagynda ýurduň günbataryndaky Balkan welaýatynda, daşary ýurt pasportyny almak üçin ýüz tutanlar 2024-nji ýylyň fewral aýyna nobata ýazyldy.

Biometrik pasport, Türkmenistanyň raýatyna ýurduň daşyna syýahat etmäge mümkinçilik berýär. Pasporty diňe Türkmenistanyň çäginde alyp bolýar. Başga ýurtlaryň köpüsinden tapawutlylykda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary öz raýatlaryna ýaşaýan ýurtlarynda türkmen pasportyny bermek hyzmaty bilen üpjün etmeýär.

Bu aralykda, Türkmenistandan Türkiýä uçmaga synanyşýan raýatlaryň uçara goýberilmezligi meselesi ýygy-ýygydan ýüze çykýar.

"Täze pasportlary, wizalary, biletleri bolan raýatlar Aşgabadyň howa menzilinde yzyna gaýtarylýar. Olaryň 30% çemesi uçara goýberilmeýär" - diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 7-nji awgustda aýtdy.

Şu aýda bolan ýagdaýlaryň birinde, Lebap welaýatynyň ýaşaýjysyna düşündiriş bermezden Stambula uçmak gadagan edildi. Uçara goýberilmedik ýaş ýigit, ýaňy-ýakynda harby gullugy tamamlap, işiň gözleginde Türkiýä gitmäge synanyşypdy. Şol uçaryň ýolagçylarynyň arasynda bolan çeşmäniň sözlerine görä, jemi 150 ýolagçynyň 40-a golaýy uçara goýberilmändir.

Azatlygyň Aşgabadyň halkara aeroportundaky çeşmesine görä, adatça 45 ýaşdan uly ýolagçylara Türkiýä uçmaga rugsat berilýär, şeýle-de ozal Türkiýä baryp gaýdan türkmen raýatlary köplenç uçara päsgelçiliksiz goýberilýär.

Azatlyk Radiosy Aşgabatdaky halkara howa menziliniň wekillerinden resmi görnüşde düşündiriş alyp bilmedi.

Türkmenistanda agyr işsizligiň saklanýan wagty biometriki pasort almaga synanyşýan we daşary ýurtlara iş gözläp gidýän raýatlaryň sany artýarka türkmen häkimiýetleri ilatyň ýurduň daşyna çykmak mümkinçiligini çäklendirýärler. Ençeme ýyl bäri girizilýän dürli hereket çäklendirmeleri wagtal-wagtal hasam güýçlenýär. Emma türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlara işlemäge giden raýatlarynyň resmi sanyny çap etmeýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň daşyna çykmak isleýän raýatlara aeroportda päsgelçilik döredilýär
Gorky nädip döreýär?
Uçarda hödür edilýän tagamlar satuwa çykaryldy
Marynyň aeroportunda biletli ýolagçylaryň onlarçasy uçara goýberilmeýär
Almatynyň aeroporty Türkmenhowaýollaryndan’ nägile bolýar
Synagdan geçdi