Bir ädimde beýleki ýarym şara geç!

Planetamyzy ortadan deň ikä bölýän hyýaly ekwator çyzygyny göz bilen görüp bolmaýan hem bolsa, onuň täsirlerini görmek mümkin.Mälim bolşy ýaly, Ýeriň demirgazyk ýarym şary bilen günorta ýarym şarynda pasyllar biri-birine gapma-garşylykly bolýar.

Mysal üçin, bizde tomus pasly bolanda, günortada gyş pasly dowam edýär, birinde güýz bolanda, beýlekisinde ýaz bolýar.Ekwator çyzygy Afrikada Gabon, Kongo Respublikasy, Kongo Demokratik Respublikasy, Uganda, Keniýa, Somaliýa, Aziýada Maldiwler, Indoneziýa we Günorta Amerikada Ekwador, Kolumbiýa hem-de Braziliýa ýaly ýurtlardan geçýär.

Dünýäniň köp ýerinde ekwator çyzygynyň simwoliki serhedini görmek bolýar.Bu ýerlerde iki ýarym şaryň esasy tapawudy bolan suwly tejribäni geçirýärler.Bilşimiz ýaly suw köwlenip akanda, adatça, sagadyň diliniň ugry boýunça akýar.

Muny guýguja ýa-da aşagy deşik islendik gaba suw guýmak arkaly hem görmek bolýar.Afrikanyň gündogaryndaky Ugandanyň Masaka sebitinde hem hyýaly ekwator serhedi döredilipdir.Bu ýere her ýylda müňlerçe syýahatçy gelýär.

Gelen myhmanlar Ýeriň orta bilinden beýle tarapyna bir ädimde geçýärler. Çyzygy geçen ýeriňde bolsa ýokarda agzalan suwly tejribe geçirilýär.Bu täsin tebigy ýagdaý köpleriň ünsüni çekýär.Guýguja guýlan suw demirgazykda sagat diliniň ugruna, günortada onuň tersine, çyzygyň ortasynda bolsa hiç hili aýlaw etmän göni aşaklygyna akýar.

Suwly tejribe myhmanlary haýran galdyrýar.Suwuň iki ýarym şarda gapma-garşylykly ugur bilen akmagy Ýeriň magnit meýdany bilen baglanyşyklydyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan syýahatçylyk ministrleriniň Yslam konferensiýasynyň XII mejlisine gatnaşdy
Ertir 35-nji Afrika Milletler Kubogyna badalga berler
Faworitler ýeňiş bilen başlady
1/8 finala çykan toparlar belli boldy
OPEC döredildi
EKKAS Gabonyň agzalygyny togtatdy