Bir hepdede 148 uçar sargyt edildi

Bir hepdede 148 uçar sargyt edildi

Soňky ýyllarda Hytaýyň awiakompaniýalary Airbus kompaniýasyndan has köp uçar sargyt edýärler.Bir hepdäniň dowamynda hytaý awiakompaniýalary Ýewropanyň uçar öndürijisi bilen jemi bahasy 22 milliard ýewro golaý şertnama gol çekdiler.

Iň köp uçary Air China kompaniýasy sargyt etdi.Umumy bahasy 9,5 milliard ýewro barabar bolan şertnama görä, Air China 60 sany A320neo uçaryny alar.Täze uçarlar 2028-2032-nji ýyllar aralygynda taýýar ediler.

A320neo uçarlary ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar.Spring Airlines kompaniýasy 30, China Aircraft Leasing 30, Juneyao Airlines 25, China Express Airlines 3 sany uçar sargyt etdi.

Airbus kompaniýasy 2008-nji ýylda Hytaýyň Týanszin şäherinde ilkinji bilelikdäki önümçilik desgasyny açypdy. Bu desga Airbus-yň Ýewropanyň daşyndaki ilkinji zawodydy. Geçen ýyl bu şäherde uçar ýygnaýan ikinji önümçilik desgasy işe girizilipdi.

Pürli Pürliýew,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Emin hyzmat kompaniýasy syýahatçylyk hyzmatlarynyň bitewi toplumyny hödürleýär
Turkish Airlines-yň Aşgabatdaky ofisi hyzmatlaryň bitewi toplumyny hödürleýär
9-njy oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Turkish Airlines Santýago şäherine uçuşlary ýola goýýar
Turkish Airlines mobil goşundysy bilen syýahatyňyzy ýeňilleşdiriň
Turkish Airlines 2025-nji ýylyň ýazyna çenli Aşgabat bilen Stambulyň arasyndaky howa gatnawlarynyň nyrhnamalaryny täzeledi