Birden köp adamly ilkinji kosmos uçuşy

1964-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Sowet Soýuzy tarapyndan içinde birden köp adam bolan ilkinji kosmos gämisi hasaplanýan “Woshod-1” uçurylýar.Bortunda Wladimir Komarow, Konstantin Feoktistow hem-de Boris Ýegorow bolan kosmos gämisi bir gije-gündizden gowrak wagtdan soňra yzyna dolanyp gelýär.

Bu uçuş başga kärdäki adamlaryň kosmos giňişligine çykmagy babatda hem ilkinji hasaplanýar. Şol wagt Feoktistow tehniki ylymlaryň doktory, Ýegorow lukman wezipesinde işleýärdi.Kosmos gämisi 336 kilometr belentlige çykyp bu ugurda hem şol wagtky rekordy täzeleýär.

Sowet Soýuzynyň ekipažly borty adamly ýedinji kosmos uçuşy bolan “Woshod-1”-iň ekipažy ilkinji gezek kosmonawt eşiksiz Ýeriň atmosferanyň daşyna çykýarlar.

Ýene degişli makalalar

Özbek mekdebinde dörän dil hadysasy Moskwa bilen güýçli çekeleşik döretdi
Gyrgyz intellektuallaryndan Kasym Tynystanow
GDA-na agza ýurtlaryň Liderleri çagyryş berdiler
Türkmen döwletliligi 'global öwrülişikleriň bosagasynda' ikinji ýüzýyllyga gadam basýar
Türkmen döwleti 100 ýaşady
Çingiz Aýtmatow