Birinji orna çykaran ýeňiş

Moto GP boýunça dünýä birinjiliginiň şu

möwsümdäki 8-nji bäsleşigi Katalunýa “Gran Prisinde” “Petronas Yamaha” toparynyň fransuz sürüjisi Fabio Kuartararo ýeňiji boldy. Ol 24 aýlawy 40

minut 33,176 sekunt geçip, möwsümdäki 3-nji ýeňşini gazandy. Fransiýaly sürüji

möwsümiň ilkinji 2 ýaryşynda-da münberiň iň ýokary basgançagyna çykypdy. “Suzuki Ecstar” toparynyň ispan sürüjileri

Žoan Mir bilen Aleks Rins 2-3-nji ýerleri eýelediler.

Geçirilen bu bäsleşikden soň, utugyny 108-e ýetiren Fabio Kuartararo sanawda täzeden 1-nji orna çykdy. Žoan Mir fransiýaly garşydaşyndan 8 utugy az

bolup, ol 2-nji basgançakda barýar. “Monster Energy Yamaha” toparynyň ispaniýaly sürüjisi Mawerik Winýales 90 utuk bilen 3-nji ýeri

eýeleýär.

Möwsümiň indiki ýaryşy 11-nji oktýabrda

Fransiýanyň Le Man şäherinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Täze çempion
Möwsümiň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda, sanawyň lideri üýtgedi
Petruççiniň ilkinji ýeňşi
Markes arany açýar
Aragonda Morbidelli ýeňiş gazandy
Soňky 2 ýaryşdan öň aratapawut 14 utuk