Ýurdumyzyň wise-çempiony “Ahal” topary AFK Kubogy ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň 1-nji duşuşygynda myhmançylykda Gyrgyz Respublikasynyň “Alaý” toparyndan 21 hasabynda üstün çykdy.Oş şäherindäki Ahmatbek Suýunbaýew adyndaky stadionda oýnalan oýna omanly Omar Al-Ýakubu eminlik etdi.
Duşuşykda ilkinji bolup hasaby ildeşlerimiz açmagy başardy.Oýnuň 20-nji minutynda burçdan ýerine ýetirilen urguda topy hemmeden öňürti urmagy başaran Abdy Bäşimow “Ahaly” öňe çykardy.Soňra 36-njy minutda “Ahalyň” jerime meýdançasyna golaý ýerde bellenen jerime urgusyny dürs urmagy başaran Eldiýar Sardarbekow hasaby deňledi. Ýöne ildeşlerimiz 3 minutdan soň, bu gola jogap berip, öňe saýlandylar.
Bu goly-da 39-njy minutda “Ahal” toparynyň täze futbolçysy Abdy Bäşimow öz adyna ýazdyrdy.Bu 1-nji ýarymdaky, hatda duşuşykdaky soňky gol boldy.Toparlar 2-nji ýarymda näçe hüjüm etselerem iki tarap hem netije alyp bilmedi. Şeýlelikde, 1-nji ýarymda geçirilen gollar oýnuň ýeňijisini kesgitläp, “Ahal” 21 hasabynda ýeňiş gazandy.
Jogap duşuşygy 27-nji fewralda paýtagtymyzda oýnalar.Ozal habar berlişi ýaly, bu tapgyrda ýeňiş gazanan topar Täjigistanyň “Hujand” topary bilen toparçalara düşmek ugrunda güýç synanyşar.
