Birleşen Arap Emirlerinde Prezident Erdoganyň Sapary Üçin Uly Taýarlyk Görülýär

Birleşen Arap Emirlerinde Prezident Erdoganyň Sapary Üçin Uly Taýarlyk Görülýär

Birleşen Arap Emirlikleriniň iň belent binasy Burj Halifa, Prezident R. T. Erdoganyň saparynyň öňüsyrasynda Türkiýäniň baýdagy asyldy we türk dilinde “Hoş geldiňiz” diýlip ýazyldy.

Türkiýäniň Abu Dabidäki Ilçisi Tugaý Tunçer, Birleşen Arap Emirlikleriniň dünýä derejesinde ýakyndan tanalýan iň belent binasy Burj Halifa Türkiýäniň baýdagynyň asylandygyny habar berdi.

Ilçi Tunçer wideosynda “BAE bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklarda taryhy gün. Birleşen Arap Emirlikleri Prezident Erdogany garşylamak üçin uly taýarlyk görýär” diýdi.

Prezident R. T. Erdogan, Abu Dabiniň Mirasdar Şazadasy Şy Muhammed Bin Zaýed Al Nahýanyň myhmany hökmünde şu gün Birleşen Arap Emirliklerine gider.

Preizdent Erdoganyň saparynyň çäginde Türkiýe bilen BAE-niň arasyndaky özara gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy, 17-nji dekabrda Türkmenistanda ilat ýazuwy başlanýar, Turkish Airlines Türkmenistanyň raýatlary üçin PSR-barlagyny aradan aýyrdy
Dünýäniň iň uly suw çüwdürimi
Ýylyň meşhur şäherleri
Täze ýyl nirä, haçan geldi?
Saud Arabystanynda iki kilometrlik gökdirän gurlar
Dünýäniň iň kelte adamy: telefon götermek agyr düşýär
Iki kilometrlik gökdirän gurlar