Birmingem şäheri batandygyny yglan etdi

Birmingem şäheri batandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýanyň Birmingem şäher geňeşi batandygyny yglan etdi diýip, Euronews.com habarlar gullugyna salgylanýan Tengrinews.kz habar berdi.

Ýagny million ilatly şäheriň häkimiýetleri özleriniň maliýe kynçylyklary barada habar berdiler, býujetiň ýetmezçiligi 87 million funt sterling bahalanýar diýlip, habarda aýdylýar.

Ýagdaý şäher geňeşinde işleýän zenanlaryň müňlerçesine zähmet haklarynyň adalatsyz tölenmegi we habar beriş tehnologiýalary bilen baglylykda döredi.

Batandygy barada yglan etmegiň çäklerinde şäher häkimligi ähli täze çykdajylary togtatdy.

Birmingem Birleşen Patyşalygyň iň iri şäherleriniň biri bolmak bilen, ol Londondan soňra ýurduň ikinji köp ilatly şäheri bolup durýar. Ol Ýewropanyň öňdebaryjy ylmy merkezleriniň biridir.

Ýene degişli makalalar

25-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Kakao — stres ýagdaýynda peýdaly bolup çykdy
“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Ýewropa futboly göni ýaýlymda görkezilýär
Türkmenhowaýollary halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagyny ýaza çenli uzaldýar
Türkmenowaýollary halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagyny ýaza çenli uzaldýar
“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Ýewropa futboly göni ýaýlymda görkezilýär