Birža söwdalarynda 25 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

Birža söwdalarynda 25 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 25 million 117 müň dollaryndan gowrak boldy.

Russiýa Federasiýasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, şeýle hem Türkmenhimiýa döwlet konserniniň tehnologik desgalarynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, dürli görnüşli dokma önümleri, nah matalar we ýüplükler ýerlenildi.

Ýerli işewürler içerki bazar üçin Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen jemi bahasy 11 million 505 müň manatdan gowrak bolan nebit bitumyny, elde dokalan halylary, nah ýüplügi we çig ýüpegi satyn aldylar. Bu barada TDH habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy
Birža söwdalarynda sişenbe güni eksport geleşikleri $28 milliondan geçdi
Birža söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy
TDHÇMB-da sişenbe güni eksport geleşikleri $38,2 milliondan geçdi
Birža söwdalarynda geleşikleriň 75-si hasaba alyndy
TDHÇMB-da penşenbe güni $19,7 millionlyk mazut satyldy
Birža söwdalarynda “B” kysymly karbamid uly islegden peýdalandy