Birža söwdalarynda geleşikleriň 44-si hasaba alyndy

Birža söwdalarynda geleşikleriň 44-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 44-si hasaba alyndy. Bu barada TDH ýazýar.

Habarda bellenilişi ýaly, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini hem-de polipropileni, türkiýeli işewürler bolsa motor ýagyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek matalar, jins önümleri, pamyk toplumlary, pagta süýümi, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 377 müň dollaryndan gowrak boldy diýlip, habarda bellenilýär.

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 57 million 680 müň manatdan gowrak bolan Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, el halylaryny, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek hem-de jins önümlerini, nah ýüplügi, aşgarlanmadyk matany satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda Türkmennebit döwlet konserniniň önümleri uly islegden peýdalanyldy
TDHÇMB-da penşenbe güni eksport geleşikleri $18,2 milliondan geçdi
Birža söwdalarynda sişenbe güni eksport geleşikleri $28 milliondan geçdi
Birža söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy
TDHÇMB-da sişenbe güni eksport geleşikleri $38,2 milliondan geçdi
Birža söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy
TDHÇMB: Owganystanly işewürler $7,4 millionlyk dizel ýangyjyny satyn aldylar