Birža söwdalarynda geleşikleriň 51-si hasaba alyndy

Birža söwdalarynda geleşikleriň 51-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 51-si hasaba alyndy. Bu barada TDH ýazýar.

Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna karbamidi (Türkmenhimiýa döwlet konserni), yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar.Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine dokma senagaty önümleri, nah ýüplük we mata, pagta süýümi, gaýtadan dikeldilen süýüm, pagta egriji hem-de senagat önümçiliginiň dürli görnüşli galyndylary ýerlenildi.

Habarda bellenilişi ýaly, geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 22 million 105 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýerli işewürler içerki bazar üçin bahasy 220 million manada golaý bolan tehniki ýody (Türkmenhimiýa döwlet konserni), polipropileni, nebit bitumyny, binýatlyk ýagy (Türkmennebit döwlet konserni), elde dokalan halylary, nah ýüplügi we beýlekileri satyn aldylar diýlip, habarda bellenilýär.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda Türkmennebit döwlet konserniniň önümleri uly islegden peýdalanyldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy
TDHÇMB-da penşenbe güni eksport geleşikleri $18,2 milliondan geçdi
Birža söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 75-si hasaba alyndy
TDHÇMB-da sişenbe güni eksport geleşikleri $38,2 milliondan geçdi
TDHÇMB: Owganystanly işewürler $7,4 millionlyk dizel ýangyjyny satyn aldylar