Birža söwdalarynda geleşikleriň 65-si hasaba alyndy

Birža söwdalarynda geleşikleriň 65-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 65-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, polipropileni hem-de suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. TDH-niň ýazyşy ýaly, portlandsement Owganystanyň, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Şeýle hem daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyz Respublikasynyň işewürleri nah ýüplügi, ýorgan-düşek toplumlaryny, boýalan tüýjümek önümleriň dürli görnüşlerini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 12 million 36 müň dollaryndan gowrak boldy.

Habarda bellenilişi ýaly, ýurduň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen jemi bahasy 137 million 190 müň manatdan gowrak bolan armaturany, polipropileni, nebit ýol bitumyny, elde dokalan halylary we nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda Türkmennebit döwlet konserniniň önümleri uly islegden peýdalanyldy
TDHÇMB-da penşenbe güni eksport geleşikleri $18,2 milliondan geçdi
Birža söwdalarynda sişenbe güni eksport geleşikleri $28 milliondan geçdi
Birža söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy
TDHÇMB-da sişenbe güni eksport geleşikleri $38,2 milliondan geçdi
Birža söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy
TDHÇMB: Owganystanly işewürler $7,4 millionlyk dizel ýangyjyny satyn aldylar