Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 5 million 506 müň dollardan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, şeýle hem Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Şweýsariýanyň, Estoniýanyň, Gonkongyň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary, nah ýüplük, pagta süýümi, ýeňil senagat önümçiliginiň galyndylary, arassalanmadyk guradylan buýan köki we baldagy ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 506 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 58 million 625 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, binýatlyk ýagyny (Türkmennebit döwlet konserni), şeýle hem pagta süýümini satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda 25 million dollara golaý ylalaşyk baglaşyldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda 15 million dollar golaý geleşik baglaşyldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 8-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 1 million 257 müň dollardan gowrak boldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy