Bitarap Türkmenistan döredijiligiň we parahatçylygyň ýurdudyr

Bitarap Türkmenistan döredijiligiň we parahatçylygyň ýurdudyr

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň aýdyň netijelerine we ösüşiň, döredijiligiň ýoly bilen ýurdumyzyň ynamly gadam urýandygyna şaýatlyk edýän täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Bu dabaralar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň, Aşgabadyň 140 ýyllygynyň hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen ýylyň hormatyna geçirildi.

Hepdäniň başynda hormatly Prezidentimiz “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. “Bouygues Batiment International” meşhur fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan banklaryň täze binalary Aşgabadyň günorta böleginde, soňky ýyllarda paýtagtymyzyň işewürlik merkezi kemala gelen Çandybil şaýolunyň ugrunda peýda boldy.

“Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň gullugy hem-de onuň 23 sany şahamçasy tutuş ýurdumyz boýunça hereket edýär we 600 müňden gowrak müşderä hyzmat edip, olara amatly goýumlaryň we hyzmatlaryň giň görnüşlerini, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegini karzlaşdyrmak bilen birlikde, karz serişdeleriniň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Mälim bolşy ýaly, “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanyň öňdebaryjy täjirçilik banklarynyň biridir, ýurdumyzda bankyň 13 şahamçasy hem-de bir bank gullugy işjeň hereket edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bankyň tehniki aýratynlyklary, onuň işgärleri üçin döredilen şertler we onlaýn hyzmatlarynyň görnüşleri bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bank ulgamynyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekip, bu maliýe düzümleriniň ähli tagallalaryny milli manadyň hümmetiniň berkidilmegine, pul dolanyşygynyň işjeňleşdirilmegine we netijeli karz syýasatynyň ösdürilmegine ugrukdyrylmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz bank işini kämilleşdirmek, aýratyn-da, karzlaşdyrmagy ösdürmegiň möhüm ugurlaryny kesgitlemek, şeýle hem bank işini guramakda häzirki ykdysady ýagdaýy we döwlet ösüşiniň geljek ugruny nazara almak, munuň üçin täzeçil çemeleşmeleri peýdalanmak meseleleriniň wajypdygyny belledi.

12-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Maýkony kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

14-nji aprelde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň — Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Bu taryhy mejlisiň şol gün ulanylmaga berlen Halk Maslahatynyň Diwanynyň kaşaň binasynda geçirilmegi bellärliklidir.

Milli Liderimiz mejlisde eden çykyşynda Halk Maslahatynyň geçen ýylyň sentýabr aýynda geçirilen mejlisiniň taryhy ähmiýetini belledi, şonda Türkmenistanyň Esasy Kanunyna Konstitusion topar tarapyndan taýýarlanan üýtgetmeler we goşmaçalar makullandy. Konstitusiýa girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, “Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda” Kanun kabul edildi we ýurdumyzda iki palataly parlament döredildi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny saýlamak boýunça gizlin ses bermek geçirildi. Onuň netijelerine laýyklykda, bu wezipä hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saýlanyldy.

Döwlet Baştutanymyz ynam üçin minnetdarlyk bildirip, muny halkymyzyň özüne bildiren ýokary hormaty we ýurdumyzyň öňündäki jogapkärçilik hökmünde kabul edýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz palatalaryň we umuman parlamentiň doly derejede işlemegi üçin hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini belledi.

Şeýle hem ses bermek arkaly Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary saýlanyldy we bäş sany komitet döredildi. Olar Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitet; Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitet; Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitet; Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitet; Halkara meseleler baradaky komitet bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki palataly parlamentiň — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde çykyş etmek bilen, häzirki döwürde döwletimiziň giň möçberli özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny belledi. Bu bolsa Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňünde ägirt uly wezipeleri goýýar.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni-durmuş taýdan ösüşine gönükdirilen kanunçykaryjylyk işiniň kämilleşdirilmegine goldaw bermegi, “Döwlet adam üçindir!” ýörelgesine esaslanýan we halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli gowulandyrylmagyny esasy ugur edinýän ynsanperwer syýasatymyzy netijeli durmuşa geçirmegi, öňde durýan wezipeleriň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitledi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynda kabul edilýän çözgütler häzirki ýagdaýyň kadalaryna laýyk gelmelidir. Olar halkymyzy bir maksada birleşdirip, beýik sepgitlere ruhlandyrýar we ösüşiň täze belentliklerine ugrukdyrýar. Agzybirlikde ýetilmejek menzil, başa barmajak iş ýokdur diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

15-nji aprelde mähriban Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň hormatyna täze binalaryň açylyş dabaralary dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda iki sany iri desganyň — Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň hem-de Kabul ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Maslahatlar merkezinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi.

Milli Liderimiz maslahatyň dabaraly mejlisinde çykyş etmek bilen, durnuklylygy, ynanyşmagy saklamak we parahatçylygyň, howpsuzlygyň binýadynda halkara gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Bitaraplygyň gurallaryny işjeň ulanmak, onuň parahatçylyk dörediji mümkinçiliklerini häzirki zamanyň meselelerini syýasy-diplomatik ýol bilen çözmek, sebitleýin we ählumumy wehimleri duýdurmak hem-de oňa öz wagtynda seslenmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga, meseleleri gepleşikler arkaly çözmäge, harby güýçleri ulanmazlyga, umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna hormat goýmaga ygrarlylygy Bitaraplygyň binýatlaýyn esaslary hökmünde kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz dawalaryň we jedelleriň öňüni almagyň, olary aradan aýyrmagyň wajyp guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyna möhüm ornuň degişlidigini, şeýle hem energetika, ulag, suw, azyk, maglumat we kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň wajypdygyny belledi we koronawirus ýokanjyna garşy göreşde hem-de onuň zyýanly täsirini ýeňip geçmekde tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Bitarap ýurt hökmünde biziň ornumyz dünýä hem-de onda eýeleýän ornumyza garaýşymyz ähli halklara, olaryň özygtyýarly ösüş ýoluny saýlap almagyna, syýasy hem-de durmuş-ykdysady nusgasyna, beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarynyň mazmunyna we ugruna hormat goýmak ýörelgesine daýanýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

16-njy aprelde bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 72-siniň awtordaşlyk etmeginde “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Bu başlangyjy hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý sessiýasynyň çäklerinde eden çykyşynda öňe sürdi.

Işiň örän giň ugurlaryny öz içine alýan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi 2007-nji ýylda Aşgabatda açylyp, sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegine ägirt uly goşant goşýar.

Türkmen diplomatiýasynyň esasy ugurlary diňe bir ýurdumyzyň döwlet bähbitlerini esasy ugur edinmän, eýsem, sebitiň we dünýäniň oňyn bähbitlerine laýyk gelýär diýlip, ýokarda agzalan halkara maslahata daşary ýurtlardan onlaýn tertipde gatnaşanlaryň — ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmidiň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewiň, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowanyň, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebit üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsia Alisjahbananyň çykyşlarynda nygtalýar.

Şeýle hem maslahatda BMG-niň Aşgabatdaky wagtlaýyn utgaşdyryjysy, ÝUNISEF-niň wekili Kristina Weýgand, Russiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimow, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, ilçi Natalýa Drozd we Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diýego Ruiz Alonso çykyş etdiler.

Soňra Maslahatlar merkezinde halkara resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Energetika Agentliginiň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň edarasynyň arasynda dil we medeniýet köpdürlüligi boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama; iýmit çygrynda mümkinçilikleri we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitleýin platformany ýerleşdirmek we işletmek arkaly Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitlerinde eneleriň we çagalaryň iýmitlenmegini gowulandyrmaga ýardam etmek barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama bar.

Soňra halkara maslahat umumy mejlisler görnüşinde “Parahatçylyk we howpsuzlyk ugrunda hyzmatdaşlyk”, “Söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda ekologiýanyň ähmiýeti”, “Ynsanperwer ugur boýunça halkara hyzmatdaşlyk” mowzuklary boýunça dowam etdirildi.

Halkara gatnaşyklaryň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança öwrülen forumyň jemleri boýunça “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik guraldy. Onuň çäklerinde sebit we ählumumy derejedäki netijeli işleri ilerletmekde, umumy abadançylygyň hem-de ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilikli daşary syýasy ugry amala aşyrýan Bitarap Türkmenistanyň saldamly goşandy nygtaldy.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahatlar merkeziniň golaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Kabul ediş merkeziniň täze binasynyň toý bagyny kesip, bu ýerde halkara maslahata gatnaşyjylar üçin resmi kabul edişlik gurady.

Döwlet Baştutanymyz resmi kabul edişlikde çykyş edip, Türkmenistanyň häzirki döwürde ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygyny belledi. Ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Şunuň bilen baglylykda, ähli gyzyklanma bildirilýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär.

15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen bilen geçiren duşuşygynyň çäklerinde maslahatyň jemleriniň tutuş adamzadyň abadançylygyna gönükdirilen umumy maksatlaryň amala aşyrylmagynda dünýä döwletleriniň arasynda özara düşünişmek we hormat goýmak gatnaşyklarynyň ösdürilmegini üpjün etjekdigine ynam bildirildi.

Hormatly Prezidentimiz we hytaýly diplomat ýangyç-energetika toplumynda, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamdaky netijeli tagallalary işjeňleşdirmek üçin türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler.

Milli Liderimiziň 16-njy aprelde Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren nobatdaky mejlisinde döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryna garaldy. Olaryň hatarynda ykdysadyýetiň düzüminde hususy eýeçiligiň paýyny artdyrmak, ýangyç-energetika toplumyndaky iri maýa goýum taslamalaryny ilerletmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ulag pudagyna internet hyzmatlaryny girizmek, intellektual eýeçiligiň goraglylygyny kämilleşdirmek, giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň hukuk esaslaryny berkitmek ýaly ugurlar boldy.

Mundan başga-da, medeniýet pudagynyň edaralarynyň işini sanlylaşdyrmak we olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň hormatyna meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumatlar aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Döwlet haryt-çig mal biržasynyň bahalarynyň elektron maglumat binýadyny döretmek we onuň elýeterliligini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berildi.

Bellenilişi ýaly, maglumatlaryň elektron binýadyny işläp taýýarlamak tapgyrlaýyn esasda alnyp barylýar. Onda birža şertnamalaryny hasaba almak hakyndaky degişli maglumatlar, olaryň seljerilişi, müşderileriň “şahsy otaglaryny” döretmek hakyndaky maglumatlar we beýlekiler ýerleşdiriler. Ol ýerde biržada hasaba alnan daşary ýurt şertnamalary hakyndaky maglumatlary almak, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň sanawy we bahalary, ýurdumyzyň eksport ugurly önümleriniň görnüşleri bilen tanyşmak mümkinçiligi dörediler.

Birinji tapgyrda bu maglumatlar ähli gyzyklanma bildirilýän taraplar üçin elýeterli bolar. Halkara bazarlarda ulanylýan dünýä tejribesine daýanmak arkaly saýtyň hyzmatlaryndan yzygiderli peýdalanýan müşderileriň sanynyň artmagy bilen, ulanyjylara tölegli esasdaky hyzmatlary ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Müşderileriň islegleri boýunça harytlaryň birnäçe görnüşlerine bolan bahalary anyklamak üçin biržada broker bölümlerini açmak we elektron görnüşdäki tölegleri geçirmek hem-de beýleki hyzmatlar göz öňünde tutulýar. Maglumatlaryň teklip edilýän elektron binýadynyň döredilmegi birža hyzmatlaryny dessin ýerine ýetirmäge, daşary ýurtlardan täze müşderileri çekmäge, daşary söwda işlerini ýönekeýleşdirmäge we üç ýylyň dowamynda ähli maglumatlary saklamaga mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz biržanyň Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň möhüm binýady, maglumatlaryň kuwwatly habar beriş-syn çeşmesi milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň önümlere bolan islegleri aýdyň görkezýän gural hökmünde gulluk edýändigini belledi we birža söwdalaryny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň möçberlerini artdyrmak boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiziň garamagyna Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topary tarapyndan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde, ýurdumyzyň şypahanalarynda hem-de çagalaryň sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde işleri guramak boýunça birnäçe teklipler hödürlenildi.

Mysal üçin, tomus möwsüminde Hazaryň kenarynda dynç alyşlary guramak meýilleşdirilýär. Dynç alyş möwsüminde ýüze çykýan meseleleri dessin çözmek üçin Dolandyryş merkezini döretmek, Hazar deňziniň türkmen kenarynyň bellenen nokatlarynda suwuň, howanyň we topragyň toplumlaýyn barlaglaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky sagaldyş toplumlaryny tomusky dynç alyş möwsümine doly taýýarlamagyň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasyny, şonuň ýaly-da, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny tassyklady.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň taslamasyny tassyklap, bu netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar, diýip nygtady.

Bellenilişi ýaly, bu gatnaşyklar örän köp ugurlary öz içine alýar. Şolaryň hatarynda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysadyýet, durmuş, ynsanperwer-medeni hem-de hukuk ulgamlary, energetika, ulag, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ugurlary bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezini gurmak hakynda” Karara gol çekdi hem-de Türkmenistanyň Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň Düzgünnamalaryna we Ylymlar akademiýasynyň Tertipnamasyna girizilen üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kämilleşdirilen Düzgünnamasyny, şeýle hem olaryň merkezi edaralarynyň gurluşyny tassyklady.

Ministrler Kabinetiniň mejlisi tamamlanandan soň, milli Liderimiz wise-premýerler bilen bilelikde paýtagtymyza täze gelip gowşan häzirki zaman ýolagçy awtobusyna münüp, “Oguzkent” myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi.

Foruma gatnaşyjylar assosiasiýanyň çäklerindäki bilelikdäki işleriň jemini jemlediler hem-de 2010-njy ýylda döredilip, häzirki wagtda Türkmenistandan we dünýäniň 36 ýurdundan ýuridik taraplaryň we fiziki şahslaryň 190-dan gowragyny özünde birleşdirýän bu guramanyň möhüm wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Assosiasiýanyň ýurdumyzda, şonuň ýaly-da, daşary ýurtlarda ahalteke atçylyk sungatyny ösdürmäge işjeň goşant goşýan agzalarynyň çykyşlary diňlenildi, guramaçylyk meselelerine seredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisiniň çäklerinde ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dikeltmekde, dünýä ýaýmakda, atçylyk sportuny we atçylyk pudagyny ösdürmekde bitiren aýratyn uly hyzmatlary üçin dabaraly ýagdaýda “Türkmenistanyň ussat halypa seýsi” hormatly ady dakyldy. Bu çözgüt “Türkmen atlary” döwlet birleşigi hem-de ýurdumyzyň giň jemgyýetçiligi tarapyndan goldanyldy.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, atşynaslyk sungatynyň mekany bolan güneşli Diýarymyzda bu ugruň ösdürilmegi, bedewleriň gadymy nesil ugurlarynyň dikeldilmegi, halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy bolan behişdi bedewleriň tohum arassalygyny gorap saklamak we köpeltmek möhüm we esasy wezipelerdir. Şulardan ugur alnyp, daşary ýurtly atşynaslar bilen bu pudagy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek babatyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňeldilýär.

Hormatly Prezidentimiz assosiasiýanyň mejlisinde ýurdumyzyň tapawutlanan atşynaslaryny we itşynaslaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permanlara gol çekdi.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň has işjeň daşary ýurtly agzalaryna “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” hormatly ady dakyldy. Olaryň hatarynda ahalteke bedewlerini köpeltmäge ýöriteleşdirilen atçylyk hojalyklarynyň ýolbaşçylary Tito Pontekorwo (ABŞ) we Mariýa Mosar (Russiýa) bar. Olar mejlisde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň garamagyndaky “Goýumly oýunlar, hyzmatlar we üpjünçilik” döwlet kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony “Altyn bedew” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Şonuň ýaly-da, mejlisde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň täze Prezidenti saýlanyldy. Ýurdumyzyň tejribeli meşhur atşynaslary bu wezipä Serdar Berdimuhamedowy hödürlediler. Teklibi assosiasiýanyň türkmenistanly we daşary ýurtly agzalary biragyzdan goldadylar.

S.Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, bildirilen ynam üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mundan beýläkki işi, onuň maksatlary hem-de meýilnamalary barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň ahalteke bedewlerini ulgamlaýyn esasda köpeltmek, halk seçgiçilik usullaryny hem-de dünýä ylmynyň häzirki zaman gazananlaryny ulanmak barada öňde goýan wezipeleri bilen baglylykda, milli atçylyk mekdebiniň iň gowy däplerini saklamagyň hem-de artdyrmagyň ilkinji nobatdaky wezipeleriň biridigi aýratyn nygtaldy.

Şonuň ýaly-da, assosiasiýanyň wise-prezidenti wezipesine dalaşgärler tassyklanyldy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň täze dolandyryş müdiriýetiniň hem-de derňew toparynyň agzalary saýlanyldy.

Şenbe güni paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde şanly wakalara — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna we Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanyp, ählihalk ýowary geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň wekilleriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň onlaýn görnüşde geçirilen 52-nji maslahatyna gatnaşmagyny görkezmek bolar.

Duşuşygyň barşynda pandemiýa döwründe migrasiýa hereketlerini kanuny taýdan düzgünleşdirmäge, GDA döwletleri üçin Migrasiýa kodeksine degişli meselelere garaldy, “GDA gatnaşyjy döwletlerde çagalaryň saglygyny goramaga bolan hukuklaryny üpjün etmek”, “Raýatlara ruhy taýdan kömek bermek we kömek berlende raýatlaryň hukuklarynyň kepillikleri hakynda”, “Sebitleýin maýa goýum taslamalary hakynda” we beýleki kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 52-nji mejlisiniň çäklerinde türkmen wekiliýeti “COVID-19 pandemiýa şertlerinde ählumumy howplar we wehimler. Terrorçylyk we zorlukly ekstremizm” atly halkara maslahata hem gatnaşdy.

Mahlasy, geçen hepde möhüm wakalara baý boldy. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda milletiň ruhy baýlyklaryny, ýurdumyzyň ykdysady kywwatyny artdyrmaga, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, Watanymyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmaga gönükdirilen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

(TDH).

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/26302

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk merkezi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň açylyşyna hem-de Halkara maslahatyna gatnaşdy
Aşgabatda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy atly halkara maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gynanç hatlary gelip gowuşýar
Halkara maslahat geçirildi
Aşgabatda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy atly halkara maslahat geçirildi