Bitarapdyr Arkadagly Watanmyz!

Bitarapdyr Arkadagly Watanmyz!

Ýakynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany ýylymyzda, Berkarar Watanymyzyň şanly Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Bitarapdyr Arkadagly Watanmyz!atly sergi guraldy.Sergä ýurdumyzyň suratkeşleri özleriniň döreden sungat eserleri bilen ýagny, 40-a golaý suratkeşiň gatnaşmagynda 70-den gowrak şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň dürli görnüşleri bilen gatnaşdylar.

Sergide ýurdumyzyň suratkeşleri baky Bitaraplygymyzy hem-de Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwrüniň gülläp ösüşini Watanymyzyň parahatlygyny, halkymyzyň zähmetde gazananlaryny, milli mirasymyzy, türkmen halkynyň gahryman şahsyýetlerini olaryň edermenliklerini, sungat ussatlarynyň keşplerini ussatlyk bilen beýan edipdirler.

Olardan: Türkmenistanyň halk suratkeşi Rejepmuhammet Berdiýewiň: Garrygalada ýaz Güýz joşguny.Gurbannazar Ezizow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri A.Kiçigulyýewiň portreti, Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýarly Baýramowyň portreti atly tapgyrlaýyn nakgaş eserlerini, nakgaş suratkeşler Tamara Kiselýowanyň Halk mukamy asyrlap ýaşaýar atly, Berdisähet Gurbansähedowyň Toý atly, Rahman Umarowyň Agzyberlik, Mustapa Ýagşymyradowyň Türkmen bereketliligi atly diptihini görkezmek bolar.

Bu sergä gatnaşýan suratkeşlerimiziň eserleriň hemmesi Watanymyzyň asudalygyny, bereketliligini, parahatlygyny, gözelligini, geçirilýän toýdur-baýramlaryny güneşli ülkämize mahsus bolan owadan reňkleriň öwüşgininde wasp edýärler.Sergidäki ýaş suratkeş Türkmeniň Altyn Asyry bäsleşiginiň eýesi Şemşat Mämmedowanyň Bitaraplyk çemeni atly eseri baky Bitaraplygymyza bagyşlanýar.

Suratkeş bu eserinde türkmen topragynyň nygmatlarynyň, milli nagyşlarymyzyň fonunda Bitaraplygymyzyň simwoly bolan ýadygärligi ala garly daglaryň eteginde çeper suratlandyrypdyr.Sergide Lebap welaýatyndan keramikaçy suratkeş Dilber Umarowa özüniň täze döreden 23 sany keramiki eserleri bilen gatnaşýar.

Suratkeş bu işlerinde asuda Watanymyzda zähmet çekýän daýhanlaryň, işçileriň, oba adamlarynyň keşplerini iş pursatlaryny ussatlyk bilen ýasapdyr.Sergide suratkeşler Täçmyrat Eýýämberdiýew Gyrawly gün, Dag gözelligi, Täjigül Gurbanowa, Rozykulowa Gülnäz birnäçe natýurmort eserleri bilen, Orazgylyç Öwezow Üzüm we almalar, Natýurmort, Aýbibi Amangylyjowa Oturdylar, Rüstem Abdullaýew Daýhan gelin atly nakgaş eserleri bilen, Orazmyrat Owganow Täze ýyl atly heýkel işi bilen gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Umarowlaryň döredijilik maşgalasy filosofiýa, maýyl edijilik, özboluşlylyk
Türkmen suratkeşiniň üstünligi