Bitaraplyk — dillerimiziň senasy atly söhbetdeşlik geçirildi

Bitaraplyk — dillerimiziň senasy atly söhbetdeşlik geçirildi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Halkara Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli Bitaraplyk — dillerimiziň senasy ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän beýik işleri dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen rowaçlanýan gatnaşyklar, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Halkara Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, ýer ýüzünde durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde möhüm orny eýeleýändigi hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrülendigi, ýurdumyzyň Halkara Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berýändigi, döwletimiz gysga wagtda dünýäde özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrýan döwlet hökmünde belent abraý mertebä eýe bolýandygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşlik Miras teleýaýlymynyň Jennet mekanym gepleşigine ýazgy edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY
Gurbanguly Berdimuhamedow "Milletiň atasy" atlandyryldy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL SAMMITINE GATNAŞDY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa sapary başlandy
Türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY ANTONIU GUTERRIŞ BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANY BILEN DUŞUŞYGY