Bitaraplyk mekany, baky bagtyň mukamy atly aýdym-sazly dabara geçirildi

Bitaraplyk mekany, baky bagtyň mukamy atly aýdym-sazly dabara geçirildi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Medeniýet köşgi we 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Medeniýet köşgünde Bitaraplyk mekany, baky bagtyň mukamy atly aýdym-sazly dabara geçirildi.

Dabarada 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ata Watanymyzyň Ýer ýüzündäki abraý-derejesi, şan-şöhraty barha artýandygy, Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, asudalygy berkitmek, hemmetaraplaýyn ösüşi üpjün etmek, işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna täzeçil itergi bermek babatda giň tagallalary edýändikleri, Hemişelik Bitaraplyk — halkymyzyň parahatçylygy, hoşniýetli gatnaşygy özüne hemişelik hemra edinen halkymyz bu günki günde täze gadamlar bilen dünýä giňişliginde mynasyp ornuny eýeleýändigini, bütin dünýäniň halklaryna nusga görkezýändigi, Bitarap Türkmenistan ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrülendigi ýurdumyzyň Halkara Bitaraplygy sebitde hyzmatdaşlygyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berýändigi, hut şonuň üçinem, Hemişelik Bitaraplyk syýasaty halkara gatnaşyklarynda ägirt uly döredijilikli güýje eýedigi barada giňişleýin gürrüň berildi.

Dabaranyň dowamynda baýramçylyk çärä bagyşlanyp sergi gurnaldy we sergä syn berildi.

Ýene degişli makalalar

Garaşsyzlyk Galkynyşyň binasy - bedew atlar dillerimiziň senasy
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy hazynadyr atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Medeni miras - ruhy baýlygymyz atly söhbetdeşlik geçirildi
Aňzakda, göreşde açylan ak gül
HJ: Annasoltan Kekilowanyň janköýerleri onuň işiniň ýaşaýandygyny aýdýarlar