’Bitaraplyk-parahatlyk senasy’’

’Bitaraplyk-parahatlyk senasy’’

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 47- nji orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyna bagyşlap “Bitaraplyk- parahatlyk senasy” at bilen wagyz- nesihat çäresi geçirildi. Çärede Bitaraplyk bu türkmen halkynyň parahatçylyk söýüji häsiýetleriniň goňşy we beýleki döwletler bilen dostlukly, agzybir, ylalaşykly ýaşamagyň beýanydygy, Bitaraplygymyzyň many- mazmuny, ýurdumyzyň halkara derejesindäki at- abraýy, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşleri barada buýsanç bilen gürrüň berdiler.Hemişelik Birataplygymyza bolan buýsanç, ata Watanymyza, Mähriban Arkadagymyza bolan söýgi okyjylaryň goşgy setirlerinde belent ýaňlandy. Çäräniň dowamynda 47-nji orta mekdebiniň höwesjeň okuwçylarynyň ýerine ýeriren aýdym-sazlary, tanslary çära gatnaşýanlara ruhy lezzet paýlady.

Hemişelik Bitaraplygymyza bagyşlanyp gurnalan’’Bitarap ýurt gül-gülüstan , jennet mekan Türkmenistan” at bilen gurnalan kitap sergi çärä gatnaşýanlarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik , il ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Gündogar sebitiň taryhy-medeni mirasy alymlaryň ünsüni özüne çekýär
14.08.2017 | Wideoşekilli iş maslahatynda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň kadalaşdrylyşy we V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk meseleleri garaldy
25.09.2017 | Wideoşekilli iş maslahatynda durmuş-ykdysady meselelerine garaldy
02.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi