"Biziň Janymyz Gazaly Çagalaryň Janyndan Süýji Däl”

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, başga hiç hili çykalganyň galmandygy sebäpli palestin hökümetiniň agzalary bilen birlikde Gaza gitmek boýunça karar kabul edendiklerini aýtdy.

TBMM-de nobatdan daşary ýagdaýda geçirlen Palestina oturlyşygynda halk deputatlaryna ýüzlenip çykyş eden Abbas, Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda Türkiýäniň oýnaýan rolyna we palestin halkynyň hak-hukuklaryna berýän goldawyna kanagatlanma bildirdi.

Türkiýäniň, Ysraýylyň Gazadaky gyrgynçylygyna garşy Günorta Afrika tarapyndan Halkara Adalat diwanynda gozgan işe degişli bolmak boýunça kabul eden karary bilen gutlan Abbas, Gaza on müňlerçe tonna ynsanperwer kömegini ugradan Türkiýä sag bolsun aýtdy.

Ysraýylyň Gazada, Günbatar Şeriada we Iýerusalimde edýän gyrgynçylygynyň esasy maksady bizi ene watanymyzdan Palestin topraklaryndan kowup çykarmakdyr” diýen Abbas, “Biz asla ýüz öwürmeriz we maksatlaryna ýetip bilmezler. Halkymyz, mukaddes topragyny goramaga dowam eder we basyp alyjylary ol ýerden kowup çykararys” diýdi.

Tutanýerli tutum alyp barmaga dowam etjekdiklerine we topraklaryndan çykmajakdyklaryna ünsi çeken Abbas “Gaza, Palestin döwletiniň bitewi bölegidir. Gazada başga döwlet gurulmaz we Gazasyz Palestina döwleti bolmaz” diýip belledi.

“Başga çykalga galmady. Şol sebäli hem men we palestin hökümetiniň ähli agzalary Gaza gitmek boýunça karar kabul etdik. Biziň janymyz gazaly çagalaryň janyndan süýji däl” diýen Palestinanyň Prezidenti Abbas “Parahatçylyga we howpsuzlyga tarap barýan ýol Palestinadan başlar we Palestina bilen gutarar” diýdi.

TBMM-niň Baş Assambleýasyna Prezident R. T. Erdogan hem gatnaşdy.

Baş Assambleýa Eýranyň paýtagty Tähranda janyna kast edilen Hamasyň syýasy lideri Ismail Haniýýeniň foto suratlary hem asyldy.

Ýene degişli makalalar

“Gaza, soň bolsa paýtagtymyz Iýerusalime giderin”
“Gaza Gitmek Üçin Taýarlyk Görýäris”
Ysraýylyň goşuny basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriýada iki adamy öldürdi
Türkiýe durnukly parahatçylyga goşant goşar
TBBM-niň başlygy Ysraýylyň Birleşen Milletler Guramasyna agzalygynyň togtadylmagyny talap edýär
Aragçi: Eýranyň ýadro energiýasyny parahatçylykly ulanmak hukugy barada gepleşik geçirip bolmaz