Prezident Erdogan ertir geçiriljek NATO-nyň Liderler maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherine gitmeden ozal Stambul Atatürk howa menzilinde metbugat ýygnagyny geçirdi.
Prezident Erdogan NATO maslahatynyň çäginde ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen geçirjek duşuşygy bilen bagly: "Baýden bilen wezipä saýlananyndan soň ilkinji ikiçäk duşuşygymyz bolar we onuň bilen ileri tutulýan Türkiýe-ABŞ gatnaşyklaryny maslahatlaşmagymyz gerek.
Baýden bilen geçirjek gepleşiklerimiziň gerimi giň.Ençeme gep-gürrüňler boldy, olary yzda goýup, nämeler edip biljekdigimizi maslahatlaşmagymyz gerek.ABŞ bilen goranyş senagaty boýunça ozaldan galan ençeme meselämiz bar. Şolaryň iň ähmiýetlisi bolsa F-35 meselesidir.
F-35 babatynda Türkiýe öz jogapkärçiligini ýerine ýetirsede, gynansagam öz jogapkärçiligini ýerine ýetirmeýän bir ABŞ bar. 24-nji aprel gynansagam örän oňaýsyz tapgyr boldy.Bu pozisiýa bizi örän gynandyrdy. Şolary güntertibe getirmän şeýle geçmäge dogry garamagymyz mümkin däl.
ABŞ bilen goranyş senagaty boýunça başlap dowam etmedigimiz ençeme mesele bar.Köňül erbetde bularyň hiç birini arzuw etmeýär.Geçirjek bu duşuşygymyz şol bir duýgurlyk bilen geçirilip, 24-nji apreli ýatdan çykarjak ädimleri etjekdigimize ynanýarys" diýip belledi.
Erdogan: "Biziň ähli tamamyz NATO-nyň birligine, jebisligine we raýdaşlygyna güýç goşjak pozisiýany ABŞ tarapyndan görmekdir" diýip nygtady.
Ertir geçiriljek NATO-nyň liderler maslahatyna gatnaşmak üçin Brýussele gitjekdigini ýatladan Erdogan: "Alýansyň öňümizdäki 10 ýyllyk meýilnamasyny kesgitlejek, NATO 2030 tapgyry bilen baglanşykly möhüm kararlaryň kabul ediljek maslahata gatnaşarys. Hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde alýansa berjek goldawyň ähmiýetini ýene-de bir gezek belläp geçeris" diýip habar berdi.
Erdogan: "Bu tapgyrda howpsuzlygyň bölünmezligi, raýdaşlyk we jebislik başda bolmak bilen alýansyň esasynda bar bolan karar kabul etmek mehanizmlerinden we ýörelgelerinden egilşik edilmeli däldigine ynanýarys. Maslahatda nesip bolsa bu ugurlary belläp geçeris" diýip mälim etdi.
Erdogan NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen gowy gatnaşyklary ýola goýandyklaryny belläp: "NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg hemişe oňyn pozisiýa içinde bolan bir dostumyzdyr" diýip habar berdi.
Erdogan: "Türkiýe hökmünde DAIŞ-den PKK, ÝPG-e, FETÖ-den DHKP/J-e çenli şol bir wagtda ençeme terror guramasyna garşy göreş alyp barýarys.Bu göreşi diňe serhetlerimiziň çäginde däl, eýsem Siriýadan Yraga çenli giň territoriýada alyp barýarys.
Düýn Afrin etrabyndaky Şypa hassahanasyna garşy guralan terrorçylykly hüjüm, PKK/ÝPG-nyň nähili derejede bir haýyn we wagşy bir terror guramasydygyny görkezdi.Aralarynda bäbekler, lukmanlar, syrkawlar hem bolan asuda ilatdan jemi 14 adam şehit boldy, 32 doganymyz bolsa ýaralandy.
Bu ýerden ýene-de bir gezek hüjümde ýogalan doganlarymyza Alladan rehnet, ýaralanan adamlara bolsa şypa dileýäris. Ýurdumyzda bigünä adamlary, Siriýada asuda halky, Yrakda kürt doganlarymyzy gyrýan bu ganhorlardan her damja ganyň hasabyny sorarys" diýip aýan etdi.
Türkiýe hökmünde diňe terrora garşy göreş alyp barmaýandyklaryny aýdan Prezident Erdogan, Türkiýäniň şol bir wagtda gündogar-günbatar ugrunda bosgun tolkunyna sezewar galýandygyny beýan etdi.
Türkiýäniň serhetleriniň NATO-nyň serhetlerini hem emele getirýändigini aýdan Erdogan: "Biz öz serhetlerimizi goraýan mahalymyz, NATO-nyň serhetlerini hem goraýarys.Tapawutly front liniýalary boýunça alyp barýan göreşimizde, dogry ýagdaýda alýansyň ruhuna laýyk ýagdaýda hereket edilmegine garaşýarys.
Maslahatyň çäginde hyzmatdaşlarymyza başda terrorizm bolmak bilen ýurdumyza garşy howplaryň öňünde jebislik görkezmeklerine garaşýandygymyzy aýdyp geçeris. 2030-nji ýyla dogry tarap barýan tapgyrda Türkiýäniň alýansyň içindäki rolunyň has hem ähmiýetli boljakdygyna ynanýarys" diýip habar berdi.
Prezident Erdogan: "Häzirki wagtda NATO ýurtlaryň hatarynda öz üstüne düşýän jogapkärçiligi dolulygyna ýerine ýetirýän ýurtlaryň biri hem, ilkinji 5-ligiň içinde bolan Türkiýedir" diýdi.
Erdogan ABŞ-nyň Owganystandan çekilmek tapgyry bilen bagly bolsa: "Ol ýeri terk eden pursadyndan başlap, ol ýerdäki tapgyry dowam etdirjek iň ynamly ýurt elbetde Türkiýe" diýip nygtady.
NATO maslahatyndan soň Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň çakylygyna laýyklykda Azerbaýjana 15-16-njy iýun aralygynda resmi sapar gurajakdygyny aýdan Erdogan: "Türkiýe-Azerbaýjan doganlygy, sebitimiziň parahatçylygynyň, abadançylygynyň we durnuklylygynyň kepillendirijisidir" diýip belledi.
Prezident Erdogan metbugat ýygnagyndan soň Brýussele tarap ýola çykdy.