Blinken Abbas we Netanýahu bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Blinken Abbas we Netanýahu bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynda geçirilen telefon söhbetdeşligi bilen bagly berilen ýazmaça beýanatda Blinkeniň Palestinanyň Döwlet baştutany Mahmud Abbas bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, Günbatar Şeriada dowam edýän hadysalara alada bildirýändigini habar berdi.

Blinken ABŞ-nyň Palestinanyň halkynyň hal-ýagdaýy bilen howpsuzlyklaryny we azatlyklaryny artdyrjak ädimleri goldamaga dowam etjekdigini mälim etdi.

Abbas we Blinken iki döwletli çözgüde berýän goldawlaryny nygtap geçip, oňa howp ýetirjek aksiýalara garşy durýandyklaryny beýan etdiler.

Blinken Ysraýylyň Premýer ministri Netanýahu bilen geçiren duşuşygynda ABŞ-nyň Ysraýylyň howpsuzlygyna ygrarlydygyny belledi.

Blinken ABŞ-nyň Ysraýylyň we Palestinanyň halkynyň howpsuzlygyny we bagtyýarlygyny özgertjek syýasatlary goldamaga dowam etjekdigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

BMG Ysraýylyň Palestinadaky “bikanun” hereketini bir ýylyň dowamynda bes etmegini isleýär
Ysraýylyň Bat-Ýam Şäherinde 3 Awtobusda Yzly Yzyna Partlama Boldy
Tramp bilen Netanýahu 4-nji fewralda Ak Tamda duşuşar
Trampyň emeli aň bilen taýýarlanan Gaza bilen bagly wideo ýazygysy internetde berk garşylyk döretdi
Hamas Gaza ylalaşygyny dowam etdirmek isleýär
Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu ABŞ-na Gitdi
Netanýahu Hamas bilen Gazada hüjümleriň bes edilmegi boýunça ylalaşandyklaryny beýan etdi