Blinken, Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümleriniň Bes Edilmegi Üçin Tagalla Etmeli

Blinken, Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümleriniň Bes Edilmegi Üçin Tagalla Etmeli

Hamasyň Syýasy lideri Ismail Haniýýe, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň, Türkiýä we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna gurajak saparynda, Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleriniň bes edilmegi üçin tagalla etmegini isledi.

Haniýe, Telegramdan we WhatsAppdan beren habarnamasynda, Blinkene, Gazada dowam edýän söweşi bes etmegi üçin çagyryş berdi.

Haniýýe, “Blinken soňky üç aýdan sapak alan we ABŞ-nyň Ysraýyla güýçli goldaw bermek bilen Gazanyň halkyna garşy edilen deňi-taýy görülmedik gyrgynçylyga sebäp bolandygyna göz ýetiren bolsa gerek” diýdi.

Musulman dünýäsinde we Arap ýurtlarynda Blinken bilen duşuşjak ýolbaşçylara hem ýüzlenen Heniýýe, sebitiň gelejeginiň we durnuklylygyň Palestina mesele bilen arabaglanşyklydygyny we Palestina meselesiniň çözülmeginiň diýseň möhümdigini nygtady.

Blinken, Türkiýe bilen başlan Ýakyn Gündogar saparynyň çäginde Gresiýa, Iordaniýa, Katara, Birleşen Arap Emirliklerine, Saud Arabystanyna, Ysraýyla, Müsüre we Günbatar Şeria barar.

Saparyň gün tertibinde Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri, Gaza berilýän ynsanperwer kömegi, Hamas bilen Ysraýylyň arasyndaky ýesir çalşygy meselesi esasy orun eýeleýär.

Ýene degişli makalalar

Ibrahim Kalyn Hamasyň Syýasy Lideri Bilen Duşuşdy
Rafaha Guralýan Hüjümler Dowam Eder
Ysraýylyň Hüjümlerinde Ýene-de Bir Žurnalist Öldürildi
Ysraýyl Rafahda Gyrgynçylyk Etmage Taýýarlyk Görýär
Kuweýdiň Emiri Türkiýä Geldi
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar
Türkiýe Gaza Synagyndan Üstünlikli Geçen Ýurtlardan Biri