BMG-da Palestin Halky Bilen Raýdaşlyk Güni Mynasybetli Çäre Guraldy

BMG-da Palestin Halky Bilen Raýdaşlyk Güni Mynasybetli Çäre Guraldy

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Amina Mohammed BMG-niň Nýu-Ýorkdaky merkezi binasynda geçirilen Palestin halky bilen raýdaşlyk hüni mynasybetli Guterrişiň ýüzlenmesini okady.

Guterriş ýüzlenmesinde; “Şu ýylky hatyralama esasanda gussalydyr, sebäni bu başlangyçlar maksatlar hemişekisinden has daşdadyr” diýip nygtady.

Bir ýyldan gowrak wagtda Ysraýylyň hüjümleri netijesinde Gazanyň haraba öwrülendigini, esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 43 müňden gowrak adamyň öldürilendigini beýan eden Guterriş; Gumanitar pajyga günsaýyn hasam agyrlaşýar. Ol iňňän elhenç we muňa geçirimlilik edilmeli däl” diýdi.

Guterriş şeýle hem Gündogar İýerusalimde we basylyp alynan Günbatar Şeriada Ysraýylyň alyp barýan işleri, ilatly zolaklary giňeltmegi, ewakuasiýalar, ýumurmalar, ýaşaýyjylaryň gysyşlary we göçürme gorkusy ýaly wehimleriň “adalatsyzlygy hasam agyrlaşdyrýandygyny” nygtardy.

Baş sekretar ýüzlenmesinde; “Ysraýylyň we Palestinanyň parahat hem-de howpsuz, bilelikde ýaşaýan hem-de İýerusalimiň iki döwlete paýtagtlyk edýän iki döwletli çözgüt üçin wagt geçdi. Plestin halky üçin gyssagly ynsanperwer kömek boýunça çagyryş edýärin” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Halkara maslahatyň dowamynda Awazada döredilen gawun-garpyz piramidalary üns merkezinde
Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
Serdar Berdimuhamedow Antoniu Guterrişi BMG-niň güni bilen gutlady
Hakan Fidan Ahmed Abu Gaýt bilen duşuşyk geçirdi
Tatar Grekler Bilen Resmi Gepleşiklerden Çetde Durcakdyklaryny Beýan Etdi
Ersin Tatar Guterriş Bilen Duşuşdy