BMG-da Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy maslahatlaşyldy

Новости ООН

Häzir Türkmenistanda internete abuna ýaztlanlaryň sany iki ýarym milliondan aşdy. Ýurduň häkimiýetleri ilatyň internet-saýtlara elýeterliligini petiklemeýär.Bu sözleri BMG-da ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew aýtdy. Emma, bu tassyklamalara garamazdan, delegasiýalaryň käbiriniň, hususan-da Şwesiýanyň, Şweýsariýanyň we Britaniýanyň wekilleri Aşgabada Bütindünýä kerebindäki senzurany bes etmegi maslahat berdiler. Şeýle-de olar häkimiýetlere hukuk goraýjylaryň öňünden duýdurmazdan, türmelere baryp görmegine rugsat berýän Protokola gol çekmeklerini maslahat berdiler.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew BMG-nyň Ženewadaky bölüminde, Adam hukuklarynyň baradaky geňeşiň Işçi toparynyň 30-njy sessiýasynyň işiniň başynda çykyş etdi.

Bu topar ýurtlaryň ählisindäki adam hukuklarynyň ýagdaýyna uçdantutma gözegçilik etmek bilen meşgullanýar.Häzirki sessiýada ekspertleriň “mikroskoplarynyň astyna” 14 ýurt, şol sanda Azerbaýjan, Russiýa Federasiýasy, Türkmenistan we Özbegistan düşýär.

Ilkinji bolup şu hepdäniň birinji gününde Türkmenistanyň hasabatyna seredildi.

Türkmenistanyň wekili hasabat bermek bilen öz ýurdunyň bir topar halkara şertnamasyna goşulandygyny, häzir Rim statusyna Halkara jenaýat suduny döretmek şertnamasyna we Adam gynamalaryna garşy Konwensiýanyň Fakultatiw protokolyna goşulmak meselesine seredilýändigini habar berdi. Bu protokolyň düzgünleri hukuk goraýjylara öňünden duýdurmazlyk şertlerinde ýurduň türmelerine baryp görmäge ygtyýar berýär.

Ministriň orunbasary öz ýurdunyň raýatlygy bolmadyk adamlara we bosgunlara işjeňlik bilen raýatlyk berýändigini gürrüň berdi. 2013-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli aralykda 4 827 adam türkmen pasportyny alypdyr.

Wepa Hajyýewiň sözlerine görä, Türkmenistan ilatyň internete elýeterliligini hem giňeldýär. “Şu günki günde biziň ýurdumyzda internet ulgamlarynyň mobil fiksirlenen abunaçylarynyň sany iki ýarym milliondan geçdi” diýip, Türkmenistanyň wekili aýtdy.

Mejlisiň dowamynda bir topar döwletiň wekilleri Türkmenistanyň adam hukuklary pudagynda gazanan üstünliklerini gutlady. Şonuň bilen birlikde olaryň käbiri, şol sanda Şwesiýa, Şweýsariýa we Britaniýa Aşgabada internete senzura girizmegi bes etmegi, adamlary dini ynanjy üçin yzarlamaga ýol bermezligi, türmelerdäki tussaglara ýowuz daramanyň öňüni almagy, ýurduň ähli raýatlarynyň ýurtdan çykmak we yzyna gelmek azatlygyny üpjün etmegi erjellik bilen maslahat berdiler.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary adamlaryň dini ynançlary esasynda yzarlanýandygy barada aýdylýanlary ret etdi. Onuň sözlerine görä, 2017 -2018-nji ýyllarda ýurtda altyn sany dini gurama hasaba alyndy. Ol ýurtda internet çäklendirmeleriniň diňe terrorçylyk we ekstremizm bilen bagly saýtlara degişlidigini hem nygtap geçidi.

Ählumumy mehanizmiň çäklerinde ýörite döredilen Işçi topary ol ýa-da beýleki döwletiň adam hukuklaryny nähili berjaý edýändigine seredýär. Ol döwletiň adam hukuklary meselesinde gazanan üstünliklerini we heniz gözden salan ýa düzetmedik kemçiliklerini derňeýär hem-de bu ugurda rekomendasiýalar berýär.

Döwürleýin syn BMG-nyň adam hukuklary işinde täze bir baby açdy. Bu prosedura geçen ýylyň aýagyna çenli BMG agza bolan 193 döwletiň ählisi babatda iki gezek geçirildi.

Bu gezekki 30-njy sessiýada 9-njy maýda Özbegistanyň hasabaty diňlener. Orsýet öz hasabatyny 14-nji maýda, Azerbaýjan bolsa 15-nji maýda berer.

Ýene degişli makalalar

Diňle: “Protokol” köçeleriň ýaşaýjylary günde dört sagatlap hereketleriniň çäklendirilýändigini aýdýar
Türkmenistanyň prezidenti BAE-niň delegasiýasyny kabul etdi
Türkmenistanda Özbegistan bilen serhetleri anyklamak baradaky meseleler maslahatlaşyldy
Döwlet edaralarynyň wekilleri ODM-y dolanşykdan aýyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar