BMG dünýäniň 23 ýurdunda açlyk howpunyň höküm sürýändigi barada duýduryş berdi

BMG dünýäniň 23 ýurdunda açlyk howpunyň höküm sürýändigi barada duýduryş berdi

Birleşen Milletler Guramasynyň soňky hasabatynda dünýäniň 23 ýurdunda, esasanam Afrika yklymynda açlyk howpunyň höküm sürýändigi barada duýduryş berildi.

Hasabatda Efiopiýanyň Tigraý sebitinde 401000 sany adamyň açlyk çekendigi we bu ýagdaýyň 2011-nji ýylda Somalide bolup geçen açlyk howpundan hem has erbetdigi beýan edildi.Mundan başga-da, BMG-niň hasabatynda bellenilşine görä, Madagaskaryň günortasynda, Ýemende, Günorta Sudanda we Nigeriýanyň demirgazygynda azyk ýetmezçiligi ýüze çykaryldy.

Bu ýurtlarda açlyk ýagdaýynyň esasy sebäbi guraklykdyr.BMG hünärmenleriniň çaklamalaryna görä, geçen ýyl 155 million adam açlykdan ejir çekipdi we şu ýyl olaryň sany köpeler.

BMG-niň hasabatynda ady agzalan 23 ýurduň ösmegine zelel berýän esasy sebäpler COVID-19 pandemiýasy, ýaragly çaknyşyklar, guraklyk we bu ülkelerde alnyp barylýan döwlet dolandyryş işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Şeýle hem hasabatda Owganystan, Merkezi Afrika Respublikasy, Burkina Faso, Kongo, Gaiti, Gonduras, Sudan we Siriýa ýaly ýurtlarda-da açlyk howpunyň bardygy beýan edildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Azyk Maksatnamasynyň hünärmenleri şu ýylyň ahyryna çenli Owganystandaky 3,5 million adamyň açlykdan we ýokanç kesellerden ejir çekjekdigini çaklaýar.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Döwlet baştutany Galla ylalaşygy barada beýanat berdi
Polis 'yrsgaly' para çözgüdine uýýan ýaşlary köpeldýär
Russiýa haýyr-sahawat kömegi hökmünde Afrika 25 müň tonna bugdaý iberdi
BMG: azyk howpsuzlygy bilen bagly ýagdaý 20-den gowrak ýurtda ýitileşip biler
Russiýa-Afrika sammiti geçirildi
Nigeriýada 2,3 Million Çaga Sanjymlandy
Putin Afrikaly liderler bilen duşuşyk geçirdi