
BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisiniň kömekçisi Farhan Hak gündelik metbugat ýygnagynda, gözegçilik işleriniň ýekşende we duşenbe günleri ýerine ýetirilmändigini, gözegçilik işleriniň görkezijileriniň örän azalyp 1-nji maýdan bäri iň pes derejä, ýagny 2,9 göterime çenli aşaklandygyny mälim etdi.
Farhan Hak, häzirki wagtda Türkiyäniň deňizlerinde 26 gäminiň bardygyny we şolaryň düzüminde jemi 1 million 157 müň 974 tonna galla we azyk önümleriniň bardygyny aýan etdi.
Düýn çykyş amala aşyran gämileriň gözegçilikleriniň ýaňadandan başlandygyny aýdan Farhan Hak: "BMG we Türkiye ähli taraplar bilen giren we çykan gämileriň hereketlerini ýeňilleşdirmek üçin ýakyndan iş salyşýar" diýip habar berdi.
Farhan Hak başlangyjyň geljegi bilen bagly gepleşikleriň dowam edýändigini, ýokary derejeli maslahatlaryň Stambulda geçiriljekdigini belläp, BMG-na baş sekretaryň Ynsanperwer işlerden jogapkär orunbasary we Gyssagly kömek utgaşdyryjysy Martin Griffitsiň wekilçilik edip biljekdigini aýan etdi.
BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň we toparynyň başlangyjyň dowam etmegi üçin tagalla edýändigini aýdan Farhan Hak, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň Giterrişiň galla ylalaşygy başlangyjynyň dowam etmegi bilen bagly hatyna resmi ýagdaýda jogap bermändigini mälim etdi.
Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligi Türkiyäniň, Russiýanyň, Ukrainanyň we BMG-nyň arasyndaky gepleşikleriň 10-11-nji maý aralygynda Stambulda geçiriljekdigini habar beripdi.