BMG-Habitat-yň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Sebit direktory bilen geçirilen duşuşyk barada

BMG-Habitat-yň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Sebit direktory bilen geçirilen duşuşyk barada

2026-njy ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň, “Ak şäherim Aşgabat” atly XXV Köpugurly halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen, BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Sebit direktory Erfan Ali bilen duşuşygy geçirildi.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-Habitat-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini belläp, onuň Türkmenistanyň BMG bilen özara gatnaşyklarynyň çäklerindäki ähmiýetini nygtadylar.

Gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak meseleleri bilen bagly pikir alşyldy.Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-Habitat-yň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin hukuk binýadyny döredendigi bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy 20262030-njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlygyň ýurt boýunça maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamagyň we hödürlemegiň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem taraplar geljekde geňeşmeleri guramak hem-de amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat BMG-niň Bütindünýä şäher forumynyň üns merkezinde: UN-Habitat Türkmenistanda wekilhanasyny açmagy göz öňünde tutýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Parlamentiň başlygynyň orunbasary: ​​Aziýa Parlament Assambleýasy ABŞ-nyň birtaraplaýynlygyna garşy durmaly
Ysraýyl ylalaşyga garamazdan Gazada ýene-de iki palestinalyny öldürdi
Ysraýyl Gazada ýene-de 12 palestinlini öldürdi
Türkiýe Ysraýylyň Gaza hüjümlerini we atyşygy bes etmek baradaky düzgüni bozmagyny ýazgarýar