BMG: her ýyl milliard adamlyk azyk zibile atylýar

BMG: her ýyl milliard adamlyk azyk zibile atylýar

Her ýyl dünýäde bir milliard adamlyk azyk zibile atylýar, şol bir wagtda 783 million adam açlykdan ejir çekýär. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça Maksatnamasynyň (UNEP) täze nutugynda aýdylýar. Bu barada Ren.tv ýazýar.

Taşlanan iýmitleriň 60 göterimi şahsy taraplara degişli. Jemgyýetçilik azyk kärhanalary iki esse az umumy möçberden 28 göterim iýmiti zibilhana taşlaýarlar. 12 göterimi bolsa, azyk dükanlaryna degişlidir diýlip, habarda bellenýär.

Hünärmenler iýmit galyndylarynyň taşlanýan möçberleriniň diňe haýyr-sahawat däl-de, eýsem, ekologiýa kynçylyklaryny döredýändigini aýdýarlar. Sebäbi olar çüýrände, metan gazy emele gelýär, ol bolsa daşky gurşaw, howa üçin zyýanlydyr.

Azyk galyndylaryny zyňmakda öňdebaryjy ýurtlar, esasan, yssy howa şertli sebitlerde ýerleşýär. Sebäbi ol ýurtlarda azyk harytlaryny daşamakda we saklamakda howa sebäpli kynçylyk köp, azyk tiz zaýalanýar.

Iýmit galyndylaryny şäherliler bilen deňeşdirilende, obalaryň ýaşaýjylary köp zyňýarlar.

Ýene degişli makalalar

Baş Assambleýanyň mejlisiniň resminamasy: Türkmenistanyň Prezidentiniň milli garaýyşlary neşir edildi
Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan COP28-de öňe sürlen milli garaýyşlar BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde neşir edildi
Bitaraplyk ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Türkmenistan BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça tehnologiýalar merkeziniň ýurtda açylmagyny goldaýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak barada başlangyjy tassyklady