
BMG-niň Howa sammitinden ozal howa çalşygyndaky howpa ünsi çeken Howa çalşygy hakyndaky çarçuwaly konwensiýanyň resmisi Patrisia Espinoza soňky döwürde howa wakalaryndaky agyr netijeleri we rekod ýylylygy ýatlatdy.
BMG-niň resmisi şeýle agyr döwürde haýsydyr bir döwletiň howa çalşygynyň täsirleri sebäpli howpsuz däldigini nygtady.
Hökümetleriň howa çalşygy boýunça syýasatlaryny tankyt eden Espinoza “Yza süýşürme we gijikdirme ýollaryndan el çekiň” diýdi.
Espinoza hökümetlerden şol ýollaryň ýerine global ýylylygyň öňüni almak we oňa uýgunlaşmak üçin degişli çäreleri gyssagly görmeklerini isledi.
BMG-niň bütindünýä Meteorologiýa guramasy bolsa soňky 50 ýyda howa çalşygy sebäpli ýüze çyka tupanlar we gelen siller bilen yssy howa tolkunlarynyň sebäp bolan apatlarynyň 5 esse artandygyny duýdurdy.