BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN SEBITLEÝIN WEKILI BILEN GEPLEŞIKLER

BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN SEBITLEÝIN WEKILI BILEN GEPLEŞIKLER

2021-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili Rişard Komenda bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem gatnaşdy.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň BMG-niň adam hukuklary boýunça ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara hereketlerini has hem ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Adam hukuklarynyň pugtalandyrylmagy hem-de goragy, şol sanda Türkmenistanyň gatnaşýan adam hukuklary boýunça konwensiýalarynyň talaplarynyň hem-de bu ugurdaky borçnamalarynyň berjaý edilmegi boýunça işjeň pikirler alyşyldy.

Türkmenistanyň adam hukuklary ulgamynda ýeten sepgitlerini kanagatlanma bilen bellemek bilen, taraplar ynsanperwerlik ugurly standartlaryň milli kanunçylyga amaly taýdan ornaşdyrylmagynyň aýratynlyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ynsanperwerlik ugry boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz amala aşyrmak arkaly, adam hukuklary boýunça BMG-niň konwensiýalarynyň, paktlarynyň hem-de teswirnamalarynyň agramly bölegine goşuldy. Adam hukuklarynyň goragy, gender deňliginiň üpjün edilmegi Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar.

Taraplar şeýle-de Adam hukulary we halkara ynsanperwer hukuklary ulgamyndaky Türkmenistanyň halkara borçlarynyň ýerine ýetirilmegi boýunça pudagara iş toparynyň alyp barýan işleriniň üstünde durup geçdiler.Bu ugurda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara topary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2021-nji ýylyň ikinji ýarymýyllygy üçin Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Hökümetiniň Halkara zähmet guramasy bilen bilelikdäii taslamalaryň utgaşdyrylmagy, şeýle-de Guramanyň bilermenleriniň Türkmenistana saparynyň guralmagy boýunça yzygiderli gatnaşyklary hem bellenilip geçildi.

Gepleşikleriň çäklerinde BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin edarasyna BMG-niň adam hukuklary boýunça taslamalarynyň gurmuşa geçirilmeginde tehniki kömegiň berilmegi we işleriň utgaşdyrylmagy bilen bagly bolan duşuşyklaryň guralmagy hem-de geçirilmegi babatynda beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan — Azerbaýjan: dost-doganlyk gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa
Astana şäherinde türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanyň energetika pudagy. Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş.
Türkmenistan bilen Malaýziýa gümrük hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdy
Halkara ýoga güni giňden bellenildi
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi
Türkmenistan we Azerbaýjan ulag-üstaşyr ulgamynda hyzmatdaşlygy giňelderler