BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Kararnama kabul etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Kararnama kabul etdi

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisiniň dowamynda 2026-njy ýylyň 20-nji maýynda “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan bu Kararnamanyň awtordaşy bolup 47 döwlet çykyş etdi.

Kararnamada Türkmenistanyň Hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine laýyklykda bitaraplyk, öňüni alyş diplomatiýasy we parahatçylyk meseleleri boýunça dialogy institutlaşdyrmak ugrundaky tagallalary aýratyn bellenilip geçilýär

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan hemişelik bitarap döwlet hökmünde ählumumy we sebit derejesinde durnuklylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply bolan esasy we kesgitleýji şert hökmünde hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek hem-de birek-birege hormat goýmak gurşawyny döretmäge gönükdirilen amaly ädimleri mundan beýläk hem durmuşa geçirmegi maksat edinýär.

Ýene degişli makalalar

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti atly Kararnamasyna bagyşlanan maslahat
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ HALKARA PARAHATÇYLYGY, HOWPSUZLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞ IŞINI GOLDAMAKDA HEM-DE BERKITMEKDE BITARAPLYK SYÝASATYNYŇ ORNY WE ÄHMIÝETI ATLY KARARNAMASYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASY TARAPYNDAN TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY BOÝUNÇA KARARNAMA KABUL EDILDI
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň açyk pikir alyşmalarynda Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan çykyş etdi
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BMG-NIŇ HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ AÇYK PIKIR ALYŞMALARYNDA BITARAPLYGYŇ DOSTLARY TOPARYNYŇ ADYNDAN ÇYKYŞ ETDI
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty