BMG-niň Baş sekretarynyň wezipesine dalaşgärler bilen söhbetdeşlikler aprel aýynda başlanar

BMG-niň Baş sekretarynyň wezipesine dalaşgärler bilen söhbetdeşlikler aprel aýynda başlanar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy guramanyň Baş sekretarynyň wezipesine dalaşgärler bilen söhbetdeşliklere aprel aýynda başlamakçy. Bu barada Baş Assambleýanyň 80-nji ýygnagynyň başlygy Annalena Berbok habar berdi.

Berbok şeýle hem 20-nji aprelde badalga aljak bir hepdelik söhbetdeşliklere taýýarlygyň işjeň alnyp barylvandygyny, dalaşgärlere haýsydyr bir mesele babatda garaýyşlaryny beýan etmek üçin giň mümkinçilikleriň dörediljekdigini nygtady.

Ýeri gelende aýtsak, Baş sekretaryň saýlawlary geljek ýylyň iýul aýynyň aýagyna bellendi.Häzirki wagtda bu wezipä iki adam meýillidigini yglan etdi, olar Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (MAGATE) başlygy Rafael Grossi hem-de BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) Baş sekretary Rebekka Grinspan. Şeýle hem, Çiliniň ozalky Prezidenti, BMG-niň Adam hukuklary boýunça ozalky Ýokary komissary Mişel Baçeletiň hem güýçli dalaşgärdigi mälim edildi.

BMG-niň häzirki Baş sekretary Antoniu Guterrişiň wezipe ygtyýarlylyklarynyň möhleti 2026-njy ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanýar.

Ýene degişli makalalar

Rafael Grossi BMG-niň Baş sekretary wezipesine hödürlendi
Grinspen: BMG-niň indiki başlygy zenan bolar
Türkmenistanyň IAEA-nyň Konwensiýalaryna goşulýandygy baradaky güwänamalary gowşurmak dabarasy geçirildi
Demirgazyk Koreýada 2-nji Atom Reaktory Işe Girişdi
Putin Grossi Bilen Duşuşdy
Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk