BMG-niň hukuk goraýjylar boýunça hasabatçysy Düşemowyň azat edilmegine çagyrýar

BMG-niň hukuk goraýjylar boýunça hasabatçysy Düşemowyň azat edilmegine çagyrýar

BMG-niň adam hukuklaryny goraýjylar boýunça ýörite hasabatçysy Mary Lawlor X platdormasynda Türkmenistanda tussaglykda oturan aktiwist Myrat Düşemowyň kazyýet işine ýakyndan syn edýändigini aýtdy.

“2021-nji ýyldan bäri türmede oturan we häzirki wagtda parahatçylykly işjeňligi we Türkmenistanda öz söz azatlygy hukugyny ulanandygy üçin gňrnüetin ar alyş bolup görünýän täze aýyplama esasynda jenaýat jogapkärçiligine çekilen raýat aktiwisti Murat Duşemowyň kazyýet işine ýakyndan gözegçilik ederin” diýip, Mary Lawlor onuň derrew, haýal etmezden azatlyga goýberilmegine çagyrýandygyny aýtdy.

Bu çagyryş BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterrişiň Türkmenistana sapar edýän wagtyna gabat geldi.

Myrat Düşemowyň täze jenaýat işi boýunça bellenen sud diňlenişigi, Turkmen.news neşiriniň ýazmagyna görä, iýulyň aýagynda geçirilmelidi. Emma bu diňlenişigiň geçip-geçmändigi belli däl.

Myradyň ejesi Täzegül Mammedowa 15-nji iýulda ogluny görmek üçin ýene bir gezek Türkmenabada barypdyr.

Düşemow häzir Türkmenabatdaky LB-D/9 (“Abdy Şükür”) türmesiniň deslapky tussaghanasynda saklanýar. Emma aktiwistiň ejesine tussaglykdaky ogluny görmäge rugsat berilmedi.

Maglumata görä, Düşemowyň işine seredýän sülçi kazyýet diňlenişiginiň “10-15 günden boljakdygyny” belläp, anyk senäni aýtmandyr.

Myrat Düşemow 2021-nji ýylyň 16-njy awgustynda sud edilip, adam talamakda we onuň bedenine ortaça agyrlykda zeper ýetirmekde günäli tapyldy.

Ol bu aýyplama boýunça dört ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Halkara adam hukuklary guramalary Düşemowa garşy bildirilen aýyplamalary syýasy matlaply hasaplaýarlar we olaryň raýat pozisiýasyny açyk beýan eden, kanuny haklaryny, adam hukuklaryny talap eden aktiwistden ar almak üçin toslanyp tapylandygyny öňe sürýärler.

Düşemow öz tussaglyk möhletini LB-E/12 koloniýasynda geçirdi. Jeza möhleti 14-nji iýunda dolsa-da, ol öýüne dolanmady.

Turkmen.news neşiriniň habaryna görä, boşadylmagynyň öňüsyrasynda prowokasiýa gurnalyp, ony täze aýyplamalar esasynda saklapdyrlar.

Bir tussag, Azatlyga çykmazyndan öň, oňa garşy şikaýat edipdir.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän "Human Rights Watch" (HRW) guramasy türmede oturan aktiwistiň täze, şübheli aýyplamalara sezewar bolandygyny belläp, türkmen häkimiýetlerinden Myrat Düşemowy derrew we şert goýmazdan boşatmagy talap etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Duşemowyň ejesi tussag ogluny boşatmaga çalyşýar, jemgyýetde duýgudaşlyk güýçlenýär
Halkara maslahatyň dowamynda Awazada döredilen gawun-garpyz piramidalary üns merkezinde
Serdar Berdimuhamedow Antoniu Guterrişi BMG-niň güni bilen gutlady
Hakan Fidan Ahmed Abu Gaýt bilen duşuşyk geçirdi
Tatar Grekler Bilen Resmi Gepleşiklerden Çetde Durcakdyklaryny Beýan Etdi
Ersin Tatar Guterriş Bilen Duşuşdy