BMG Parasatlylyk Çagyryşyny Berdi

BMG Parasatlylyk Çagyryşyny Berdi

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Beýrutda we Tähranda guralan hüjümlerden soň, taraplara we halkara jemgyýetçiligine Ýakyn Gündogarda dartgynlygyň çuňlaşmagyna sebäp bolup biljek hereketlerden gaça durmaklary üçin çagyryş berdi.

Antoniu Guterreş beren ýazmaça beýannamasynda, Beýrutda we Tähranda guralan hüjümleriň dartgynlygyň möwjemegine sebäp boljakdygyny nygtady.

BMG-nyň Baş sekretary hüjümleriň Gazada hüjümleriň bes edilmegi, ýesirleriň çalşylmagy we ynsanperwer kömekleriň artdyrylmagy üçin edilýän tagallalary bökdändigine ünsi çekdi.

Yzygiderli ýagdaýda parasatlylyk çagyryşyny berýändigini ýatladan Guterreş, bu ynjyk döwürde parasatlylyk çagyryşynyň ýeterlik bolmandygyny belledi.

Guterreş, taraplara we halkara jemgyýetçiligine Ýakyn Gündogarda dartgynlygyň çuňlaşmagyna sebäp bolup biljek hereketlerden gaça durmaklary üçin çagyryş berdi.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan DKTR-da Saparda Bolar
BMG, Mozambikde dowam edýän dartgynlygyň parahatçylykly ýagdaýda çözülmegi üçin çagyryş berdi
Hakan Fidan Telefon Söhbetdeşliklerini Dowam Etdirýär
“Siriýanyň Halky Üçin Taryhy Pursat”
ABŞ Pariž Howa Çalşygy Şertnamasyndan Çekilýär
Emine Erdogan BMG-nyň Baş Sekretary Bilen Duşuşar