BMG: Türkmenistan we Gyrgyzystan raýatsyzlygy ýok eden ilkinji ýurtlar boldy

BMG: Türkmenistan we Gyrgyzystan raýatsyzlygy ýok eden ilkinji ýurtlar boldy

BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýadaky edarasynyň Aşgabatda geçirilen maslahatynda aýdylmagyna görä, 2014-nji ýyldan bäri Merkezi Aziýada raýatlygy bolmadyk ýa-da raýatlygy kesgitlenmedik adamlaryň sany ýedi esse azaldyldy.

Ssebitiň ministrleri derejesinde guralan maslahata Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, BMG-niň agentlikleriniň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy diýip, türkmen metbugaty 8-nji noýabrda habar berdi.

10 ýyl mundan ozal — 2014-nji ýylyň noýabrynda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan raýatsyzlygy aradan aýyrmak üçin başlanan başlangyç giň halkara hyzmatdaşlygynyň guraly boldy.

Şeýlelikde, 2024-nji ýylyň 30-njy oktýabryna çenli Merkezi Aziýada 252,2 müň raýatlygy bolmadyk adam ýüze çykaryldy we olar häzir 34,2 müň adam bolup galdy. Bu raýatlygy bolmadyk adamlaryň 10 ýyldan gowrak wagtda 7 esse azalandygyny görkezýär.

Raýatsyzlygy bolmadyk we raýatlyk meselesi çözülmedik adamlaryň iň köp bölegi Özbegistanda (22,4 müň) we Gazagystanda (7,4 müň) hasaba alnypdyr.

Şol bir wagtda, Gyrgyzystan we Türkmenistan dünýäde raýatlygy ýok eden ilkinji ýurtlar boldy.

Hökümet başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri Raşid Meredowyň 20-nji sentýabrda geçirilen hökümet mejlisinde aýtmagyna görä, Türkmenistanda şu ýyl 1,146 adam - 29 milletiň wekili raýatlyk aldy. Bu adamlara türkmen pasportynyň gowşurylmagy ýurtda raýatsyzlygyň soňuna çykmaga mümkinçilik beripdir.

Şeýle-de, garaşsyzlyk ýyllarynda beýleki döwletleriň Türkmenistanda ýaşaýan we raýatlygy bolmadyk wekilleriniň 32144 sanysyna türkmen raýatlygy berildi.

Aşgabat maslahatynyň dowamynda Dogluşyň ählumumy hasaba alnyşy: sebitiň öňdebaryjy tejribesi, Raýatlygy bolmadyk adamyň statusyny kesgitlemegiň tertibini kämilleşdirmek, Raýatsyzlyk we ösüş: durnukly geljegi gurmak, Raýatsyzlygy ýok etmek boýunça ählumumy bileleşigiň mümkinçiliklerini öwrenmek atly mowzuklar boýunça pikir alyşmalar boldy.

Türkmenistan soňky onýyllyklarda dürli keselçiliklerden ýogalan, ýurtdaky ýaşaýyş şertlerine çydaman, daşary ýurtlara göçüp giden we başga döwletleriň raýatlygyny alan türkmenistanlylaryň sanyny aýtmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Filippo Grandi: Türkmenistan raýatsyzlygy doly ýok eden dünýädäki ilkinji döwlet
Aşgabatda Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahat geçirildi
Türkmenistana raýatsyzlygy aradan aýran ýurt hökmünde BMG tarapyndan degişli güwänama gowşuryldy
Türkmenistan Raýatsyzlygy ýok etmek boýunça ähliumumy birleşmä goşuldy
TÜRKMENISTANYŇ TÄZE RAÝATLARYNA PASPORTLAR GOWŞURYLDY