BMG Türkmenistanyň Owganystan bilen hyzmatdaşlygyna ýokary baha berýär

BMG Türkmenistanyň Owganystan bilen hyzmatdaşlygyna ýokary baha berýär

8-nji aprelde Baş konsullygyň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň Hyrat şäherindäki wekilhanasynyň täze bellenilen ýolbaşçysy hanym Tomoko Kutoba bilen Türkmenistanyň Owganystanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly Batyr Ýolowyň arasynda tanyşlyk duşuşygy geçirildi. Bu barada Baş konsullyk habar berýär.

Duşuşygyň başynda T.Kutuba Türkmenistan özüniň oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, Owganystanyň ykdysadyýetini ösdürmeklige gönükdirilen TOPH gaz geçirijisi, TOP elektrik geçirijisi we demir ýol ugry boýunça uly taslamalarynyň ähmiýetini belläp geçdi. Şeýle-de Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça hem-de durnukly ösüş babatynda alyp barýan anyk işlerini aýratyn nygtady.

Taraplar duşuşygyň dowamynda Owganystanyň durnukly, parahat we ösýän ýurda öwrülmegine berk ygrarlylyk bildirdiler hem-de owgan halkyna kömek bermekde halkara bileleşiginiň tagallalaryny bellediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýetiniň Brýussele amala aşyran sapary we Hazarüsti taslamasynyň mümkinçilikleri
Türkmenistan bilen Owganystan jemi $200 millionlyk 10 sany şertnama baglaşdy
Türkmen wekiliýeti Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
Owganystan we Türkmenistan Nur ul-Jihad podstansiýasyny döwrebaplaşdyrmak taslamasyny çaltlaşdyrmak barada ylalaşdy
Kabul we Aşgabat owgan sarp edijilerini türkmen elektrik togy bilen üpjün etmek baradaky şertnamany uzaldar
Türkmenistanyň we Owganystanyň demirýol ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi