BMG Ysraýylyň aksiýalaryny ýazgarýar

BMG Ysraýylyň aksiýalaryny ýazgarýar

Ysraýyla degişli uçarmansyz howa ulaglary, Liwanyň günortasynda BMG-nyň Liwandaky wagtlaýyn parahatçylyk güýjüne degişli sowutly ulagy nyşana alyp, hüjüm gurady.

Hüjümde 3 esger bilen Liwanyň 1 raýaty ýaralandy.

Liwan hüjüme berk reaksiýa bildirdi. Liwanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Ysraýylyň ýurduň günortasyna guran hüjümleriniň BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşine şikaýat edilmegi üçin taýarlyklar görülmäge başlanandygy beýan edildi, hüjüme berk reaksiýa bildirdildi.

Hüjümi BMG hem ýazgardy. BMG-nyň baş sekretarynyň metbugat geňeşliginden berilen beýanatda, BMG-nyň baş sekretary Antoniu Guterreşiň hüjümi ýazgarandygy aýan edildi.

Beýanatda parahatçylyk güýçleriniň howpsuzlygynyň hemişe üpjün edilmeginiň zerurdygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyldan Liwana Howa Hüjümi Guraldy
Ysraýyl Bilen Hizbullahyň Arasyndaky Çaknyşyklar Dowam Edýär
Ysraýyl Liwana hüjüm gurady
Ysraýyl, Liwan Howa Hüjümini Gurady
Eýran-Ysraýyl Dartgynlygy
ÝB, Ysraýyla Guran Hüjümleri Sebäpli Eýrana Sanksiýa Goýar