Italiýanyň baýdagyny göterýän "Kosta Wenezia" we Marşal Adalary Respublikasynyň baýdagyny göterýän "Sewen Seas Eksplorer" atly 2 aýry ýolagçy gämisi Mugla welaýatynyň Bodrum etrabyna 2 müň 217 ýolagçy getirdi.
"Bodrum Kruiz Port" deňiz menziline Izmirden gelen 323 metr uzynlygyndaky "Kosta Wenezia" atly kruiz gämisiniň düzüminde Italiýanyň, Ispaniýanyň we Germaniýanyň raýatlaryndan ybarat 1634 ýolagçy we 1009 ekipaž bar.
Iraklion deňiz menzilinden gelen 224 metr uzynlygyndaky "Sewen Seas Eksplorer" atly ýolagçy gämisiniň düzüminde bolsa ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň raýatlaryndan ybarat jemi 583 ýolagçy we 307 adamdan ybarat ekipaž bar.
Gümrükdäki işlerden soň gämilerden kenara çykan ýolagçylar, Bodrum etrabyna we taryhy ýerlere syýahat etmäge çykdylar.
