Boko Haram Tarapyndan Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy

Boko Haram Tarapyndan Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy

Kamerunda terror guramasy Boko Haram tarapyndan guralan hüjümde asuda ilatdan 6 adam ýogaldy.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, terror guramasy Boko Haram Džibrilli etrapçasyna hüjüm gurady.

Hüjümde asuda ilatdan 6 adam ýogaldy, köp sanly adam hem ýaralandy.

Nigeriýada 2000-njy ýyllaryň başyndan bäri iş alyp barýan Boko Haramyň 2009-njy ýyldan bäri guraýan hüjümlerinde 20 müňden gowrak adam ýogaldy.

Gurama 2015-nji ýyldan bäri ýurduň goňşulary Kamerunda, Çatdan we Nigerde hem hüjümler guraýar.

Ýene degişli makalalar

Boko Haram tarapyndan mekdebe guralan hüjümde 2 adam ýogaldy
Nigeriýada Boko Haramyň 15 agzasy boýun egdi
Nigeriýa terror guramasy Boko Harama garşy egilşiksiz göreşini dowam etdirýär
Nigeriýa Boko Harama Agza 1332 Terrorçy Boýun Egdi
Nigeriýada terror guramasy Boko Harama garşy operasiýa geçirildi
Nigeriýada Boko Haram Tarapyndan Guralan Hüjümde 13 Adam Ýogaldy