Bolgariýa 1-nji iýuldan başlap azerbaýjan gazyny doly möçberde alyp biler

Bolgariýa 1-nji iýuldan başlap azerbaýjan gazyny doly möçberde alyp biler

Azerbaýjanyň Bolgariýadaky ilçisi Guseýn Güseýinow bu ýurduň 1-nji iýuldan, ýagny iýunda Gresiýa-Bolgariýa interkonnektory (IGB, Beýik Britaniýa bilen Ýewropanyň arasyndaky gazgeçiriji) arkaly synag akdyrylyşy tamamlanandan soňra azerbaýjan gazyny doly möçberde alyp biljekdigini habar berdi.

Häzirki wagtda IGB boýunça azerbaýjan gazynyň synag akdyrylyşy dowam edýär, ol şu aýyň aýagyna tamamlanar.

Azerbaýjan gazynyň Ýewropa— Italiýa, Gresiýa we Bolgariýa daşalmasy Trans-Adriatik gazgeçirijisi (TAG) arkaly 2020-nji ýylyň 31-nji dekabrynda başlandy. Emma interkonnektoryň ýokdugy sebäpli azerbaýjan gazynyň Bolgariýa eltilýän möçberleri meýilleşdirileninden birnäçe esse azdy, ýylda 1 milliard kubmetr bolmalysynyň ýerine 250-300 million kubmetre deňdi.

2022-nji ýylyň martynda IGB operatory geçirijiniň TAG-a birikdirilendigini habar berdi, bu azerbaýjan gazynyň Bolgariýa eltilýän möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.

IGB işe girizilen dessine bu gazgeçiriji bölek Bolgariýa ýylda 1 milliard kubmetr gaz eltmäge mümkinçilik berer, geljekde onuň möçberlerini 3 milliard kubmetre ýetirmek meýilleşdirilýär. Bu barada www.interfax.ru habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
2025-nji ýylyň esasy wakalary
Ok-däri üçin pagta: Merkezi Aziýa Kremliň harby maksatlary üçin çig mallary nädip üpjün edýär
Prezident Erdogan NATO sammitiniň çäginde dünýä ýurtlarynyň liderleri bilen duşuşar
Türkmenistanyň Prezidenti Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINIŇ BOLGARIÝA RESPUBLIKASYNA AMALA AŞYRAN SAPARY BARADA
Türkmenistanyň Ilçisiniň Bolgariýa Respublikasyna sapary