Bolgariýanyň Prezidenti wezipesinden çekilmekçi

Bolgariýanyň Prezidenti wezipesinden çekilmekçi

Bolgariýanyň Prezidenti Rumen Radew wezipesinden çekilmekçidigini mälim edip, bu barada Konstitusiýa Kazyýetine ýüz tutjakdygyny we wezipesini Prezidentiň orunbasary Iliýana Ýotowa geçirjekdigini mälim etdi.Ol dokuz ýylda ýerine ýetiren işleri barada gürrüň berip, bu döwürde ýedi gezek hökümet düzmeli bolandygyny aýtdy.

Radew agzalýan döwürde Bolgariýanyň Ýewropa bilen integrasiýanyň prosesiniň tamamlanandygyny (şengen zolagyna girdi, ýewro pul birligine geçdi) aýtdy.Ol Ýotowanyň nobatdaky Prezident saýlawyna çenli bu wezipäni abraý bilen ýerine ýetirjekdigini nygtady.

Radewiň bu ýüztutmasy Konstitusiýa kazyýeti tarapyndan kabul edilýänçä kanun taýdan güýçli hasaplanmaýar. Şol sebäpli Radewiň wezipeden çekilmek baradaky niýeti kazyýetiň resmi kararyna bagly bolup durýar.

Prezident wezipesinden çekilenden soňra Konstitusiýadaky kanunlara laýyklykda, Prezidenti orunbasary 2027-nji ýylyň 22-nji noýabryna çenli bu wezipäni ýerine ýetirer.

Ýene degişli makalalar

Bolgariýanyň taryhynda ilkinji gezek zenan Prezident
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINIŇ BOLGARIÝA RESPUBLIKASYNA AMALA AŞYRAN SAPARY BARADA
Türkmenistanyň Ilçisiniň Bolgariýa Respublikasyna sapary