Bolsonaro öňde barýar

Braziliýanyň häzirki lideri Žair Bolsonaro, Braziliýada 2-nji oktýabrda geçirilen Prezident saýlawlarynda esasy bäsdeşi Luiz Inasiu Lula da Silwadan öňe saýlanýar we saýlaw býulletenleriniň 4,9%-i sanalandan soň 48,84% sese eýe boldy.

Maglumatlar täzelenip durýandygyny bellemelidiris.Konserwatiw syýasy garaýyşlary goldaýan Braziliýanyň häzirki Prezidenti Žair Bolsonaro üçin 2,7 million saýlawçy, Bolsonaronyň esasy garşydaşy sosialist Luiz Inasiu Lula da Silwa 2,3 million saýlawçy (42,1%) ses berdi.

Saýlawdan öňki kampaniýalarda Braziliýanyň ozalky Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwanyň Braziliýanyň häzirki lideri Žair Bolsonarodan öňde barýandygy habar berlipdi.

Ýene degişli makalalar

Braziliýada mekdeplerde öýjükli telefonlar gadagan ediler
Braziliýada COP30 howa sammiti açyldy
Erdogan: "Türkiye Gazadaky ähli parahatçylyk başlangyçlaryny möhüm hasaplaýar"
Çiliniň öňki Prezidenti Baçelet BMG-niň Baş sekretarlygyna hödürlendi
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.07.2018 | Türkmenistan — BMG: ählumumy derejede pikirlenmek, özbaşdak hereket etmek