Boris Jonson parlamenti aldandygyny boýun aldy

Boris Jonson parlamenti aldandygyny boýun aldy

Beýik Britaniýanyň öňki hökümet başlygy Boris Jonson ýurduň parlamentini koronawirus pandemiýasy döwründe Dauning-stritdäki meýlisler bilen baglylykda aldandygyny boýun aldy diýip, MIR 24 teleýaýlymy habar berdi.

Men obşinalar palatasyny azaşdyrandygym üçin ötünç soraýaryn. Emma muny bilgeşleýin etmändigimi aýdasym gelýär. Muňa subutnamalarym şaýatlyk edýär diýip, Jonson aýtdy.

Öňki premýer-ministr bu iş bilen bagly ýeňillikler boýunça parlament komissiýasynda görkezme berdi. Ol hatda Injilden hem ant içdi. Eger parlamenti bilkastlaýyn aldan bolsa, Jonsony deputatlyk mandatyndan mahrum edip bilerler.

Gopgun koronawirus pandemiýasy döwründe Dauning-stiritdäki hökümet jaýynda gijeki meýlisler bilen baglylykda döredi, şol wagt Patyşalykda şazada Filippiň aradan çykmagy bilen bagly milli matam yglan edilipdi.

Öň bu meýlislere Boris Jonsonyň gatnaşandygy barada wideogörnüşler çap edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Kononenko 15-nji sentýabrda kosmosa çykar, Türkmen-Eýran serhedindäki Bajgiran goýberiş nokadynda awtoulaglaryň hereketi gaýtadan dikeldildi, Türkmenistanda gowaça ekişine girişildi we beýleki habarlar
Ýamaýka Palestinany Resmi Taýdan Ykrar Etdi
ABŞ Ukraina Harby Kömegini Dowam Etdirer
ABŞ-nyň öňki Döwlet sekretary Genri Kissinjer 100 ýaşynda aradan çykdy
ABŞ-nyň öňki Baş sekretary Genri Kissinjer 100 ýaşynda aradan çykdy
Rişi Sunak Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesine dalaş etmekçi