UEFA Ýewropa Ligasynda 5-nji duşuşyklar geçirildi. “Bornmut” topary 5-nji duşuşygynda-da ýeňiş gazanmagy başardy. “Ýuwentus”, “Ferenswaroş” hem-de “Ýunion Sent-Žilluaz” toparlary bu tapgyrda-da ýeňilmän, ýeňlişsiz ýörişlerini dowam etdirdiler.
Angliýanyň “Bornmut topary myhmançylykda “Seltany” ýer eýeleriniň Aspasyň goly bilen öňe geçendigine garamazdan, 2-1 hasabynda utdy. Utugyny 15-e çykaran “Bornmutyň” gollaryny Rodriges (47) bilen Raýan (78) geçirdi. “Bornmut” topary ähli ýaryşlary hasaba alanyňda, taryhynda ilkinji gezek 10 oýundan bäri ýeňiş gazanyp gelýär. Duşuşykda “Bornmut” 24 minutdan soň 1 oýunçy kem oýnady (Diakite).
Italiýanyň “Milan” kluby 5-nji duşuşygynda 2-nji ýeňşini gazandy.Myhmançylykda “Olimpiakos” bilen duşuşan italýan kluby 50 minutyň dowamynda 2 gol geçirdi. 39-njy minutda Menýanyň awtogoly hem-de 49-njy minutda Silwanyň goly bilen ýer eýeleri 2-0 hasabynda öňe saýlandy. Ýöne ruhdan düşmedik italýanlar 2-nji ýaryma Pulişiçiň oýna girmeginden soň has erjellik görkezdiler. 56-njy minutda Hatçinson aratapawudy 1 gola düşürip, ol 63-nji minutda Sisseniň geçiren golunyň asistini etdi.
Hatçinson 71-nji minutda Pulişiçiň geçiren golunyň hem pasyny berdi.Duşuşygyň 90+5-nji minutynda Pulişiçiň asist etmeginde Moreira oýna soňky nokady goýdy we “Milan” 4-2 hasabynda ýeňşini baýram etdi. “Milan” 1969-njy ýyldan bäri ilkinji gezek grek toparlaryny myhmançylykda ýeňmegi başardy.
Ýaryşdaky beýleki italýan topary “Ýuwentus” öz meýdançasynda “Omoniýadan” 4-1 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykda Kipriň wekili Şatkanyň 19-njy minutdaky goly bilen öňe geçdi. Ýöne turinliler 1-nji arakesmä çykylmanka, Kambiassonyň hem-de Ehatoryň gollary bilen 2-1 öňe saýlandy. 2-nji ýarymda-da Konseisau bilen Boga aratapawudy 3 gola çykardylar.
Tapgyryň iň garaşylmadyk netijesi Plzende hasaba alyndy. Çeh topary “Wiktoriýa” öz meýdançasynda “Benfikanyň” derwezesinden jogapsyz 4 gol girizdi. Gollary 30-46-njy minutlar aralygynda Hroşowski (30), Adu (43) hem-de Kabongo (44, 46) geçirdi. “Benfika” bu möwsümde ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy.
Türkiýäniň “Beşiktaş” topary bolsa Gruziýanyň Batumi şäherinde oýnalan oýunda Ysraýylyň “Hapoel Be’er Şewa” toparyndan Olaitanyň (75) hem-de Kökçüniň (90) gollary esasynda 2-1 üstün çykdy.
Öz meýdançasynda “Selýe” bilen golsuz deňme-deň oýnan “Ferenswaroş” ilkinji gezek utuk ýitirdi.
Beşiktaş Hapoel Be’er Şewa: 2-1
RB Salsburg Ararat-Armenia: 2-0
Wiktoriýa Plzen Benfika: 4-0
Dinamo Zagreb Baýer: 0-2
Olimpiakos Milan: 2-4
Marsel Lewski Sofiýa: 1-0
Ýunion Sent-Žilluaz Leh Poznan: 2-2
Selta Bornmut: 1-2
Sparta Praga AZ: 2-4
Kristal Palas Real Sosiedad: 2-1
Ferenswaroş Selýe: 0-0
Ýuwentus Omoniýa: 4-1
NEK Renn: 3-1
OFI Anderleht: 1-3
Lion Lilleström: 0-0
Torreense Seltik: 1-2
Sanderland Ýagelloniýa Belostok: 1-1
Hoffenhaým Şturm Gras: 3-1
