“Borussiýanyň” taryhy ýeňşi

Germaniýanyň çempionatynda “Der Klassiker” derbisi oýnalyp, Dortmundyň “Borussiýasy” öz meýdançasynda soňky 6 ýylyň çempiony “Bawariýany” 32 ýeňlişe sezewar etdi. 1-nji ýarymda üstünlikli çykyş eden myhmanlar 26-njy minutda Lewandowski bilen öňe saýlandy. 2-nji ýarymyň başynda penaltini dürs uran Roýs hasaby deňlese-de, 52-nji minutda Lewandowski ýene-de öňki toparyny gynandyrdy. 67-nji minutda Roýs ýene-de hasaby deňledi. 73-nji minutda-da oýna soňdan goşulan Pako Alkaser ýene bir ýola toparyna ýeňiş getirdi. 4-nji gezek ätiýaçdan gelip tapawutlanan Alkaser 6 oýunda 8 gol geçirdi.

Dortmundlylarda iň soňky sapar şeýle görkezijini 1963-nji ýylda Gert Dörfel görkezipdi. 234-nji hatarlardaky toparlar hem bu tapgyrda 3 utugy 3 golly ýeňişler bilen gazandylar. “Borussiýa M.” topary myhmançylykda “Werderi” Pleanyň het-trigi bilen utan bolsa, “Leipsigde” Polsen 2, “Aýntrahtda-da” Ýowiç 2 gol geçirip, klublarynyň ynamly ýeňişlerine saldamly goşant goşdy.

Ýene degişli makalalar

Lewandowskiniň rekordy ýeňşe ýetmedi
“Barselona” 3 utuk ýeterlik
Ýyldyz oýunçy 5 ýyldan soň ýygynda çagyryldy Germaniýanyň düzümi mälim boldy
3-nji liganyň wekili “Bawariýany” kubok ýaryşyndan çykardy
MBAPPENIŇ REKORDY
“Borussiýa Dortmund” arany açýar